Ýük gatnadyjylar üçin

Aşgabat Halkara howa menziliniň sebitleýin we sebitara aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda ýerleşýänligi sebäpli onuň öz üstünden beýleki menzillere ýükleri geçirmek babatda artykmaçlyklary uludyr. Aýrybaşga geografiki ýerleşişine we uçarlaryň ýangyjynyň bahasynyň arzanlygyna, şeýle-de ýerüsti hyzmatlarynyň amatlylygyna görä howa menzili tehniki taýdan düşelgeleri ýerine ýetirmegiň özboluşly mümkinçiliklerine eýedir.

Müşderilere amatly bolar ýaly howa menziliň ýük terminalynda awiakompaniýalaryň ýük daşamak işlerini ýerine ýetirmek boýunça ofis-wekilhanalary ýerleşýär. Bu ýerde Aşgabadyň üstünden Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň howa menzillerine geçip gidýän ýükleriň gümrüknamalary resmileşdirilýär we beýleki menzillere ugradylýar. Terminal häzirkizaman tehniki enjamlary bilen abzallaşdyrylan:

  • ýük konteýnerlerini düşürijiler, ýükleýjiler we pallet
  • konteýner teležkalaryny çekijiler
  • öz-özi hereketlenýän lentaly konweýerler
  • elektrik ýükdaşaýjylar
  • konteýnerler we palletler üçin liniýalar
  • göteriji-komplektleýji stollar
  • tekjeler
  • tereziler.

Ugradylýan ýükleriň  gowrümi we agramy dinamiki ölçeg ulgamlarynyň kömegi arkaly kabul edilýär. Mysal üçin, ETV (Elevating Transfer Vehicle) ulgamy ýükleýji-düşüriji meýdançalardaky we howa gämileriniň duralgasyna ýanaşyk çäklerdäki elektrik ýük-ulag platformasyndan ybarat. Talap edilýän ýüki operator awtomatiki usulda saýlap alýar: ETV ulgamy aýry-aýry ýükleriň nirde ýerleşýändigini kesgitleýär we olary ýüklenýän-düşürilýän meýdanyň derwezisine  eltýär. Ýük terminalynyň eksport bölüminde 4 sany ýükleýji-düşüriji meýdançalar hereket edýär. Şeýlelikde, ýükler daşary ýurtlara ugradylanda howa menziline gonan uçar göni ýük terminalynyň duralgasyna gelip saklanýar. Ýük terminalynda operator gelen ýükleriň şertli belgilerini-kodlaryny hasapdan geçirýär we bu maglumatlar elektron merkeze iberilýär. Soňra ýükler palletde terminalyň içine salynýar we olaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp saklaýjy zolaklarda ýerdeşdirilýär.

Biziň hyzmatdaşlarymyz: Lufthansa Cargo, Belavia, Fly Dubai, China Southern Airlines Company Limited, S7 Airlines, Turkish Airlines we beýlekiler ýaly dünýädäki iň uly Halkara ýük daşaýjy kompaniýalardyr.