Ýörite tehniki gullugy

Özi hereket edýän «Orbiter 7,5 D» transportýor zolagy. Dizel ýagyjy bilen işleýän transportýor zolagy goşlary, ýükleri we poçtalary ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen. Zolagyň uzynlygy 7,5m, ini 710mm. 1000mm-den 4200mm çenli beýiklige çenli 400kg agramy bolan ýüki galdyrmak mümkinçiligi bar.

Özi hereket edýän «Orbiter 9 D» transportýor zolagy. Dizel ýagyjy bilen işleýän transportýor zolagy goşlary, ýükleri we poçtalary howa gämisine ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen. Zolagyň uzynlygy 8,8m, ini 710mm. 1000mm-den 4200mm çenli beýiklige çenli 400kg agramy bolan ýüki galdyrmak mümkinçiligi bar.

«VILLAGER Golf Car» ulagy Terminalda ýolagçylary gatnatmak we CIP ýolagçylara hyzmat etmek üçin niýetlenen, 6 adamlyk oturmaga orun bar.

Goşlary daşamak üçin «Viking AB 502» teležkasy ýolagçylaryň goşlaryny daşamaga niýetlenen. Umumy ýük goterijiligi 1500kg.

«Viking CD-72» konteýner teležkasy konteýnerleri daşamak üçin niýetlenendir. Umumy ýük goterijiligi 3200kg.