Ýörite tehniki gullugy

MAN TGS 33.360 şassi esasynda hereket edýän EURO 5 hereketlendirijili «STREET WASHER CITY JET 14000 L» ýöriteleşdirilen awtoulagy aeroportuň meýdançasynda suwlamak we ýuwup arassalamak üçin niýetlenendir.

«HOLDER C 270» mini-traktory asma enjam we tirkegli teležka bilen bir toplumda bolup, aeroportuň meýdançasyndaky gök ekinlere we agaçlara ideg etmek üçin niýetlenen.

AP8950 SDB-AL «LEKTRO» seriýaly tirkeg çekiji tehnika, agramy 90,000 kg çenli bolan howa gämisini tirkemek üçin niýetlelen. Tirkeg çekiji tehnikasy hemişelik tokda işleýän tirkeg çekmäge niýetlenen hereketlendiriji bilen, şeýle hem howa gämisiniň alynky söýegini galdyrmak üçin uniwersal elektro-gidrawlik çelek bilen üpjün edilendir.

Ýolagçylar üçin merdiwan «PS 2458SD». Ýolagçylar üçin merdiwan ýolagçylaryň howa gämisine howpsyz münüp düşmeklerini üpjün edýär. Merdiwany 2,37m-den 5,8m çenli beýiklikdäki gapyly howa gämisine münüp düşmek üçin ulanyp bolýar. Her bir basgançagy 160 kg agrama çenli ýüki ýa-da iki adamy götermek mümkinçiligi bar.

Ýolagçylar üçin merdiwan «Smartstep-2». Ýolagçylar üçin merdiwan ýolagçylaryň howa gämisine howpsyz münüp düşmeklerini üpjün edýär. Merdiwany 2,47m-den 5,7m çenli beýiklikdäki gapyly howa gämisine münüp düşmek üçin ulanyp bolýar. Merdiwanyň 1710 kg agrama çenli ýüki götermäge mümkinçiligi bar.

«EUROSTEP» özi ýöreýän ýolagçy merdiwany ýolagçylaryň howa gämisine howpsyz münüp düşmeklerini üpjün edýär. Merdiwany 2,47m-den 5,7m çenli beýiklikdäki gapyly howa gämisine münüp düşmek üçin ulanyp bolýar. Merdiwanyň 1710 kg agrama çenli ýüki götermäge mümkinçiligi bar.

Ýolagçylar üçin merdiwan «SPS-5800». Ýolagçylar üçin merdiwan ýolagçylaryň howa gämisine howpsyz münüp düşmeklerini üpjün edýär. Merdiwany 2,37m-den 5,8m çenli beýiklikdäki gapyly howa gämisine münüp düşmek üçin ulanyp bolýar. 1200kg agrama çenli ýüki götermäge mümkinçiligi bar.

Ýolagçylar üçin merdiwan «SPS-4500». Ýolagçylar üçin merdiwan ýolagçylaryň howa gämisine howpsyz münüp düşmeklerini üpjün edýär. Merdiwany 2,37m-den 4,5m çenli beýiklikdäki gapyly howa gämisine münüp düşmek üçin ulanyp bolýar. 1200 kg agrama çenli ýüki götermäge mümkinçiligi bar.