Ýörite tehniki gullugy

MAN TGM 18.330 şassi esasynda hereket edýän SR 800 «SCHMIDT» awtoulagy. Bu awtoulag meýdançanyň we ýodalaryň ýüzündäki oýlary, çukurlary tekizlemek, jaýryklary ýokary hilli ýamamak üçin neýetlenendir. Ähli işler bir sürüji-operator tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Ford şassisiniň esasynda hereket edýän «Water Blasting SH 5000» ýöriteleşdirilen awtoulagy inwentarlary ýüklemek we düşürmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Bu awtouag ýokary basyş arkaly meýdançanyň uçuş-gonuş zolaklarynyň we gatnaw ýodalarynyň ýüzündäki köne reňkleri aýyrýar.

MAN TGM 18.240 şassi esasynda hereket edýän ССТ6000 ýöriteleşdirilen awtoulagy inwentarlary ýüklemek we düşürmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Awtoulag 6000mm beýiklige çenli 4000 kg ýüki ýokary göterýän kuzow bilen üpjün edilendir.

7 tonna ýük göterijilik mümkinçiligi bolan «Trepel Champ U 70» konteýner göteriji tehnikasy howa gämisiniň ýük basylýan bölümine konteýnerleri we paletleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir. Ýük göterijiniň kysymy 5600mm beýiklikde howa gämisine ýük ýüklemäge we düşürmäge mümkinçilik berýär.

MAN TGL 10.180 Euro 3 şassi esasynda hereket edýän «Command Vehicle ELW 2» ýöriteleşdirilen awtoulagy gözleg we halas ediş işlerini geçirmek üçin niýetlenendir. Bu awtoulag ýörite enjamlar, ýagny radiostansiýa, hemra aragatnaşygyna birikdirilen öýjükli telefonlar bilen doly üpjün edilendir.

MAN TGL 10.180 Euro 3 şassi esasynda hereket edýän «Command Vehicle VHF» awtoulagy gözleg we halas ediş işlerini geçirmek üçin niýetlenendir.

Özi ýöreýän bellik goýujy «Gruen GM 1000» tehnikasy uçuş-gonaş zolaklaryna, gatnaw ýodalaryna we meýdançalara bellik goýuş işleri üçin niýetlenen. Bellik goýujy tehnika 10 sm-den 30 sm çenli bolan dürli ölçegdäki pürküji abzallar bilen üpjün edilen.

Euro 6 hereketlendirijili «MAN Neoplan Regio» ýolagçy awtobusy aeroportuň işgärlerini gatnatmak üçin niýetlenen. Bu ýolagçy awtobusda 53 adamyň oturyp gitmegi üçin orun bar.