Ýörite tehniki gullugy

«FOLOW ME» Mercedes-Benz ML-350 ýol görkeziji awtoulag aeroportyň çäginde aragatnaşyk saklamak we howa gämisiniň ekipažy bilen gepleşmek üçin radiostansiýalar bilen doly üpjün edilendir.

MAN TGL 10.240 Euro 3 şassi esasynda işleýän DOLL Medical HI-LIFT awtoulagy. Bu awtoulag näsag ýolagçylary howa gämisine mündürmek we düşürmek üçin niýetlenendir. Ambulift 5,850 мм beýiklige çenli ýokary göteriji kuzow bilen üpjün edilendir. Kuzowda sowadyş-ýyladyş enjamlary gurnalan, onuň içinde maýyplar üçin kolýaska we düşekden galyp bilmeýän näsaglar üçin ýerler bar.

Meýdançada hereket edýän KOBUS 2700 ýolagçy awtobusy №1 we №2 terminallaryň arasynda ýolagçylary gatnatmak üçin niýetlenendir. Bu ýolagçy awtobusy sowadyş we ýyladyş enjamlary bilen üpjün edilendir. Awtobusda 8 adamlyk oturmaga we 96 adamlyk dik durup gitmäge ýer bar.

MAN TGL 12.180 şassi esasynda hereket edýän «Poçta» awtoulagy poçta we kiçi göwrümli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir.

MAN TGS 18.360 şassi esasynda hereket edýän Euro 3 hereketlendirijili Compact Jet Sweeper CJS 914 gar artyjy awtoulagy. Bu awtoulag uçuş-gonaş zolaklarynyň we gatnaw ýodarynyň garyny artmak üçin niýetlenendir. Gar artyjy awtoulagda 5,600 мм ini bolan öň tarapyndaky susak, 32°C burç astynda hereket edýän 4,750мм yzynlykdaky çotga, şeýle hem meýdançadaky maýda görnüşli zibilleri güýçli howa üflemek bilen arassalaýan enjam gurnalan. Bulardan başga-da bu awtoulagda 8-10 sagadyň dowamynda üznüksiz işlemäge mümkinçilik berýän 600 litr göwrümli ýangyç saklaýjy gap ýerleşdirien.

MAN TGS 18.400 şassi esasynda hereket edýän Euro 3 hereketlendirijili Towed Runway Sweeper TJS 630 gar artyjy awtoulagy. Bu awtoulag uçuş-gonaş zolaklarynyň we gatnaw ýodalarynyň garyny artmak üçin niýetlenendir. Gar artyjy awtoulagda 5,600 мм ini bolan öň tarapyndaky susak, 32°C burç astynda hereket edýän 4,750мм yzynlykdaky çotga, şeýle hem meýdançadaky maýda görnüşli zibilleri güýçli howa üflemek bilen arassalaýan enjam gurnalan. Bulardan başga-da bu awtoulagda 8-10 sagadyň dowamynda üznüksiz işlemäge mümkinçilik berýän 600 litr göwrümli ýangyç saklaýjy gap ýerleşdirien.

MAN TGS 33.360 şassi esasynda hereket edýän «SCHMIDT» ASP 12000 awtoulagy uçuş-gonaş zolaklaryny we gatnaw ýodalaryny suwuk görnüşdäki himiki serişdeler bilen arassalamak üçin niýetlenendir. Zolagy 30 metr giňlikde gurşap almak bilen arassalaýar. Sürüjiniň kabinasynda uçuş-gonaş zolaklarynyň talabalaýyk we deň derejede arassalanşyna esewan edýän gözegçi enjam oturdylan.

MAN TGM 18.330 şassi esasynda hereket edýän «SCHMIDT» awtoulagy uçuş-gonaş zolaklaryny we gatnaw ýodalaryny gury granula görnüşdäki himiki serişdeler bilen arassalamak üçin niýetlenendir. Bu awtoulagyň her gapdalynda uçuş-gonaş zolaklaryny we gatnaw ýodalaryny giňişleýin arassalamak üçin bir sany şlang ýerleşdirilen, uçuş-gonaş zolaklaryny we gatnaw ýodalaryny 30 metre çenli giňlikde gurşap almak bilen we awtoulagyň yz tarapyndaky zolagy 12 metre çenli arassalaýar, bu bolsa meýdançany tutuşlygyna arassalamaklyga mümkinçilik berýär. Sürüjiniň kabinasynda alnyp barylýan işleriň hiline hemişe esewan edýän gözegçi enjam oturdylan.