Ýörite tehniki gullugy

WOLSWAGEN CRAFTER-50 BAUR CABEL TEST awtoulagy. Awtoulag kabel desgalarynyň üzülmegi boýunça kesgitlemek we gözleg işleri üçin niýetlenen.

VESTERGAARD  ELEPHANT BETA 15 awtoulagy HG-leriň ähli görnüşlerini doňmaklyga garşy işläp taýýarlamak üçin niýetlenen.  Suwuklyklar üçin üç baklar bilen enjamlaşdyrylan: bak №1 – 4000 l, bak №2 – 2000 l, bak №3 – 2000 l. Awtoulagda suwuklygyň awtomatik usulda gyzdyrmasy oturdylan, suwuklygyň iň pes gyzdyrmasy +60 çenli, iň ýokary gyzdyrmasy +85, şeýle hem suwuklygyň proporsional garyşdyrmasynyň dozatory oturdylan. Okuň iň ýokary götermesi -19 m.




VOLSWAGEN SHARAN ASFT awtoulagy UGZ-da birleşdiriji koeffisiýentini kesgitlemek boýunça ölçeg gurallary bilen enjamlaşdyrylan.

MAN TGL 8.180 Euro 4 şassi esasynda hereket edýän “Fuel Dispenser” awtoulagy gidrant ulgamy arkaly işleýän howa gämileriniň ähli görnüşlerine çaltlaşdyrylan tertipde ýangyç guýmak üçin niýetlenendir. 63mm diametrli 2 sany paýlaýjy şlanglary bar. Ýangyç guýujylyk tizligi 4000 litr/minut.

Ýerdäki energiýa çeşmesi GUINAULT GPU GA 150 kWA, 115V\400Hz – bu enjam Turbo dizel bilen üpjün edilendir, 115\400 Hz möçberde kuwwatlandyrjy 2 sany esasy energiýa beriji abzaly hem-de 28W kuwwatly 1 sany goşmaça energiýa beriji abzaly bar.

Howa arkaly herekete getirilýän (ASU) GS 350 enjam howa gämileriniň ähli görnüşleriniň awia hereketlendirijilerini işletmek üçin niýetlenendir. Kompressora howa toplaýyş - 350lb, işçi basyş - 42psi. Her haýsy 25 metr uzynlykda bolan 2 sany paýlaýjy şlangalary bar. Bu enjam BF8M1015 454 kW dizel hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir.