Heläkçilikde-halas ediş we ýangyn bilen göreşmek gullugy (HHE we ÝGG) aerodromda hem-de Aşgabat Halkara howa menziliniň jogapkärçiliginiň çäginde gözleg we heläkçilikden halas etmek işlerini guraýar.
Aerodromda iki sany uçuş-gonuş zolagy (UGZ) bar we olarda howa gämileriniň (HG) uçuşlarynyň we gonuşlarynyň gije-gündizlik gözegçiligi alnyp barylýar. Gözegçilik diňleri ähli zerur aragatnaşyk we gözegçilik serişdeleri bilen doly üpjün edilendir. Heläkçilikde-halas ediş we ýangyn bilen göreşmek gullugy (HHE we ÝGG) aerodromyň çäginde we Aşgabat Halkara howa menziliniň jogapkärçiligine degişli ýerlerde ähli gözleg we heläkçilikden halas ediş işlerini üpjün edýär.
Habarlaşmak üçin: specialtransport@ashgabatairport.gov.tm