Uçuşyň öň ýanyndaky barlag

1. Terminala girýän adamlaryň deslapky barlagy

1. Terminala girýän adamlaryň deslapky barlagy

2. Hasaba alyş

2. Hasaba alyş

3. Uçuşyň öň ýanyndaky barlag (gümrük we serhet barlagy)

3. Uçuşyň öň ýanyndaky barlag (gümrük we serhet barlagy)

4. Gümrük we migrasiýa gözegçiligi

4. Gümrük we migrasiýa gözegçiligi

Halkara uçuşlarynyň ýolagçylary hökmany suratda hasaba alyşdan, gümrük we migrasiýa gözegçiliginden we uçuşyň öň ýanyndaky barlagdan geçmelidirler

1. Terminala girýän adamlaryň deslapky barlagy

1. Terminala girýän adamlaryň deslapky barlagy

2. Uçmaga hasaba almak

2. Uçmaga hasaba almak

3. Resminamalaryň barlagy

3. Resminamalaryň barlagy

4. Uçuşyň öň ýanyndaky barlag

4. Uçuşyň öň ýanyndaky barlag

Ýerli uçuşlaryň ýolagçylary hasaba alyşykdan soňra hökmany suratda uçuşyň öň ýanyndaky barlagdan geçmelidirler

Uçuşyň öň ýanyndaky barlaglardan geçmek üçin ýolagçynyň elinde pasport we uçyş petegi bolmalydyr.
Pasport we gümrük gözegçiligi zolagynda islendik surata we wideo düşürmegiň gadagan edilýändigini Size ýatladýarys.


      «El goşlaryny, ýükleriniň we raýat howa gämileriniň ýolagçylarynyň şahsy barlagyny geçirmegiň  hem-de raýat howa gämilerinde ýanyň bilen alyp gitmek gadagan zatlary, ýükleri we predmetleri almagyň tertibi hakyndaky» gözükdirijini ýerine ýetirmek.
Howa menzillerde howa gämileriniň, şol sanda ýurduň üstünden geçýän, edil içki gatnawlarda bolşy ýaly halkara gatnawlarynda ýolagçylaryň el goşlarynyň, ýükleriniň we olaryň şahsy barlagy: uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň jan saglygyny goramagy, raýat howa gämilerini zor bilen basyp almaga (alyp gaçmaga) we jenaýatçylar topary tarapyndan raýat awiasiýasynyň işine bikanun goşulmagyň beýleki hadysalaryna synanyşyklaryň mümkinçilikleriniň öňüni almagy, şeýle-de ýolagçylara howa raýat gämilerinde gadagan edilýän howply serişdeleriň we jisimleriň sanawynda göz öňünde tutulýan partlaýjy, zäherleýji, basym ýanýan, radioaktiw serişdeleri, ýaraglary we ok-därileri we beýleki howply ýükleri we predmetleri ýanyň bilen bikanun alyp gitmegiň öňüni almagy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
        Основной задачей досмотра является своевременное предупреждение и пресечение попыток  проникновения  на борт гражданских воздушных судов лиц с предметами и веществами, которые могут быть использованы в качестве орудия нападения на экипаж и пассажиров  этих судов с целью их захвата (угона) или могут явиться  причиной чрезвычайного происшествия (авиационного).

    • Pasportyňyzy we uçuş petegiňizi eliňizde saklaň;
    • Metalbarlaýjydan geçmezden öňinçä jübüleriňizdäki ähli zatlaryňyzy (ilkinji nobatda metal predmetleri) el goşlaryňyza  geçiriň;
    • Daşky galyň eşikleriňizi, eger-de  ökjesi 2,5 sm-den,  aşagynyň galyňlygy 1 sm-den artyk bolsa  onda aýakgabyňyzy, kemerleriňizi, kelläňize geýen  papaklaryňyzy, telpekleriňizi başgaplaryňyzy, şarflaryňyzy çykaryp  uçuşdan öňki barlaglaryň zalyndaky sebetlere salyp ýerleşdiriň;
    • Elektron gurallaryňyzy ( telefonlaryňyzy, pleýerleriňizi,  kompýuterleriňizi) aýratyn sebede salyň; bu gurallaryňyzy aýratyn gaba salman skaneriň lentasynyň üstünde goýmak maslahat berilmeýär, çünki,  olaryň ýere gaçyp  zaýalanmagynyň öňüni almakda peýdalydyr;
    • Içi  boş hem-de ýumşak çaga oýnawaçlarynyň, şeýle-de islendik elektron gurallaryň aýratyn  şertlerde  barlanmagyna  öňünden taýyn boluň ;
    • Howsala düşmäň, metalbarlaýjydan geçmek —  howpsuzdyr.
  • Ýolagçylar  howa menziliň barlag geçirýän işgärleriniň ähli talaplaryny berjaý etmäge borçludyr.

ÝÜKDE WE EL GOŞGLARYNDA ÝANYŇ BILEN ALYP GITMEK GADAGAN EDILÝÄN ZATLAR:

  • Маgnit materiallar
  • Güýçli täsir ediji we psihiki ýagdaýyň bozulmagyna getiriji enjamlar
  • Radioaktiw serişdeler
  • Zäherleýji we awuly serişdeler, ýokanç materially gaplar, simap, antifriz, tormoz suwuklygy we ş.m.
  • Gysylan we suwuklandyrylan gazlar: propan we ş.m., özüňi goramak üçin gazly ballonjyklar,zažigalkalar (absorlinmedik suwuk ýangyçsyz uly bolmadyk bir  zažigalkadan başga, ýanyňdaky suwuklandyrylan gazdan başga) we ş. m.
  • Aňsat ot alýan serişdeler: аseton, benzin, otlyçöpler ( ýanyňdaky howpsuz otlyçöpleriň uly bolmadyk bir gabyndan başga)  boýagly gapjagazlar we ş.m.
  • Aňsat ot alýan gaty serişdeler: öz-özünden ot alýan ýa-da suw syçranda bada-bat ot alýan gazlary bölüp çykarýan serişdeler we ş.m.
  • Posladyjy, çüýrediji serişdeler: simap, kislota, aşgarlar, organiki perekisler we ş.m.
  • Partlaýjy hem-de şolar bilen içi doldurylan serişdeler: däriler, ok-ýaraglar, kapsulalar, detonatorlar, yşyk-ýagtylyk tehnikalary we ş.m

    Üns beriň: Howa menzilinde: «bomba», «kislota»  ýa-da şulara meňzeş ýerliksiz sözler bilen oýun etmek bolmaz.  Ýolagçy uçuşdan galdyrylyp, soňky aýdyňlaşdyryş işlerini geçirmek we jenaýat jogapkärçiligine  çekmek  üçin  IIM-niň edaralaryna geçirilip bilner.

EL GOŞGLARYNDA ÝANYŇ BILEN ALYP GITMEK GADAGAN EDILÝÄN ZATLAR:

  • 100 ml-den uly gaplardaky suwuk serişdeler we geller
  • Islendik görnüşdäki ýaraglar we şolara meňzeş predmetler.
  • Sanjylýan we kesiji predmetler:  dyky açyjylar, gaýçylar, iňňeler, paltalar, buz deşijiler, päkiler, pyçaklar, gylyçlar, hanjarlar we ş.m.
  • Zarba urujy we owradyjy abzallar:  saýgyçlar,  dürli görnüşdäki dürreler, garpyşma urşunyň serişdeleri we ş.m.
  • Iş abzallary: byçgylar,  montirowkalar, dreller, deşik deşijiler we ş.m.

Uçuş wagtynda ýolagçynyň ýaragynyň wagtlaýyn saklamagy  resmileşdirmek we ekipažyň agzalaryna  tabşyrmak üçin hökmany suratda howa menziliniň uçuş howpsuzlygynyň işgärine gowşurylmalydyr . Ýaragy resmileşdirmek we howa gämisiniň içine salmak Siziň uçuşyňyza çenli 1,5  sagatdan gijä goýulman amala aşyrylýar.
Ekipažyň agzalary we ýolagçylar tarapyndan howa gämisiniň içinde alyp gitmek gadagan edilýän howply serişdeleriň we predmetleriň jikme-jik sanawy IKAON-nyň howada howply ýükleri daşamagyň howpsuzlygy boýunça Tehniki gözükdirijisinde beýan edilýär.

Eger-de siz el goşlaryňyz bilen bilelikde uçaryň içine salynmaýan zadyňyzy (zatlaryňyzy)  hasaba alyş söýesinde tabşyrmasaňyz, olar eliňizden alnar.