Biziň myhmansöýer hem-de hoşniýetli toparymyz Siziň we Siziň myhmanlaryňyz bilen boljak duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýar we ara uzak menzilleriň düşmegine garamazdan olaryň özlerini edil öýlerinde ýaly arkaýyn duýmaklary üçin  öz zähmetlerini gaýgyrmazlar.
Dynç almaga boş wagtlary bolan ekipažlar hem-de  ýolagçylar üçin Aşgabat Halkara howa menziliniň tranzit zolagynda ýerleşýän «Laçyn»  myhmanhanasy uçarlaryň işgärleri we ýolagçylar üçin ýörite myhman jaýynyň hyzmatlaryny  hödürleýär.