Aşgabadyň halkara howa menzilinde keselleriň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem howa menziliniň işgärlerine, ýolagçylara we gelip-gidýänlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan enjamlar, abzallar we dermanlar bilen üpjün edilen 3 (üç) sany saglygy goraýyş nokatlary (2-si halkara gatnawlary, 1-si bolsa ýerli gatnawlar terminalynda) gije-gündiziň dowamynda işleýär. Näsaglary şäher we merkezi saglyk edaralaryna ugratmak zerurlygy ýüze çykan halarynda tiz kömek ulag üpjünçiligi bar. Saglyk merkeziniň, şeýle hem degişli guramalaryň işgärleri adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda adamlara degerli kömegi bermek üçin zerur okuw-türgenleşikleri geçdiler.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993 12 378631
Faks: +993 12 232042
E-mail: asb.airport.medical@online.tm