Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.

Siziň durmuş ýoluňyz halka hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasydyr. Siziň bilimiňiz, döwlet işindäki baý tejribäňiz hem-de ýokary hünär ussatlygyňyz Türkmenistanyň öňünde durýan möhüm syýasy we durmuş-ykdysady wezipeleri çözmegiň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi Siziň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge berýän goldawyňyza ýokary baha berýär. Ýurduň parlamentiniň özgertmeleriniň üstünlikli geçirilmeginiň milli parlamentarizm institutynyň ornuny ýokarlandyrmaga we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn. Dürli derejelerde we ugurlarda biziň palatalarymyzyň işiniň işjeňleşdirilmegine umyt edýärin.

Geljekki hyzmatdaşlygyň Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dostluk, özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn strategik ähmiýetli hem-de parlamentara aragatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkynyň rowaçlygynyň bähbidine döwletiň we jemgyýetiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, meýilnamalar hem-de maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilsin we täze başlangyçlar üçin güýç-gaýratyňyz egsilmesin!

Tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Walentina Matwiýenko,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom çäkli düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan we hut öz adymdan belent hormat-sarpamy beýan edýärin.

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Döwlet we syýasy işiňizdäki baý tejribäňiz, başarjaňlygyňyz, işe jogapkärli çemeleşmegiňiz, döredijilikli güýç-gaýratyňyz, hoşniýetliligiňiz Size uly abraý hem-de ählumumy ynamy getirdi.

Goý, Siziň durmuşyňyz hemişe ýakymly wakalara, dostlaryňyzyň hem-de ýakynlaryňyzyň goldawyna baý bolsun! Gagauz awtonom çäkli düzüminiň we Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de gatnaşyklaryň ösdürilmegine umyt edýäris.

Sizi hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Irina Wlah,

Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom çäkli düzüminiň baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin!

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, maşgala abadançylygyny hem-de Türkmenistanyň Baştutany wezipesinde beýik başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, doganlyk halka bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagt, abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler ählumumy wehimleriň üstünlikli ýeňlip geçilmegini, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösmegini hem-de dünýädäki abraýynyň artmagyny üpjün edýär.

Nur-Sultanyň we Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, giň gerimli işleriňizde uly üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we bagt arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Askar Mamin,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Däp bolan dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýan ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.