Täzelikler

Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň merjenidir

Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda esasy baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi, “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat, söwda toplumynyň sergisi guraldy.

Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň tans we folklor toparlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde guralan çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýram mynasybetli iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir diýlip bellenilýär.

Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak we olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, amala aşyrylýan uly möçberli işler geljekde hem dowam etdiriler.

Giň möçberli sergi söwda toplumynyň, dokma we haly önümçiligi pudaklarynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, şeýle hem soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň hasabyna, hereket edýän düzümleriň önümçilik mümkinçiliklerini berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleri doly açyp görkezýär.

Merkezi Aziýa sebitinde döwrebap toplumlaryň kemala gelmegi, içerki bazarlaryň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyply eksport önümleriniň mukdarynyň yzygiderli artdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny beýan edýär. Şunlukda, pagtadan ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli dokma önümlerini öndürýän, daşary ýurtlarda uly isleglerden peýdalanýan ajaýyp halylaryň dokalýan pudaklaryna möhüm orun degişlidir.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guralan hem-de däp boýunça her ýyl geçirilýän sergide “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly ýokary hilli harytlaryň köp görnüşleri görkezildi.

Serginiň birinji gününiň çäklerinde ýurdumyzyň Modeller öýüniň guramagynda geçirilen “Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň ýeňijileri bu ugur boýunça dünýä tejribesini milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, täze, göze gelüwli lybaslaryň gözden geçirilişini guradylar.

Lomaý hem-de bölek satuw bilen meşgullanýan pudaklaýyn düzümler, söwda merkezleri, firmalar we kärhanalar, dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen hususy düzümler serginiň dowamynda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary kesgitlenildi.

Amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli haly önümleri, milli matalar, ajaýyp nagyşlary bolan zenan lybaslary, zergärçilik we sowgatlyk önümler bu günki serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi bu çärä özboluşly milli öwüşgin çaýdy.

Köp sanly sergä gatnaşyjylar zenan yhlasyndan dörän nusgawy keşdeleri, özboluşly nagyşlary, hala çitilen ajaýyp suratlary, tebigatyň şekillerini, gobelen önümlerini uly höwes bilen synladylar. Aýratyn-da, häzirki zamanyň sanly ulgamy peýdalanylyp dokalan haly sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Onda türkmen tebigatynyň ajaýyp görnüşi ahalteke bedewleriniň şekilleri bilen sazlaşyp, milli sungatyň çäksizdigini ýene bir ýola subut etdi.

Bu ýerde türkmen halyşynaslyk sungatynyň täzeden dikeldilen gadymy nusgalary görkezildi. Ýüňden we ýüpekden dokalan halylar häzirki döwürde ýurdumyzda gadymy sungatyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, ajaýyp gözelligi bolan haly sungatynyň gadymy görnüşlerini saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze kärhanalar gurulýar. Ozal hereket edýänleri täzeden enjamlaşdyrylýar we olarda halyçylaryň öndürijilikli zähmeti hem-de döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek üçin oňyn şertler döredilýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň täze edara we önümçilik binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde halyçylyk kärhanalarynda ajaýyp halylar dokalýar. Şolar gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem kaşaň edara binalarynyň, medeniýet merkezleriniň, muzeýleriň baş bezeglerine öwrülýär.

Halyçylar döredijilik gözlegleri bilen gadymy halylaryň nusgalaryny dikeldýärler. Bu babatda olar haly dokamagyň çylşyrymly we örän takyk usullaryny netijeli peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda Altaý ülkesinde ýerleşýän depelerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan we häzirki döwürde Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet ermitažynda saklanýan ajaýyp Pazyryk halysynyň nusgasynyň taýýarlanandygyny bellemeli.

Häzirki döwürde iň gadymy haly hasaplanylýan we goýun ýüňünden taýýarlanan erişden dokalan bu halynyň biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV asyra degişlidigini taryh ylmy subut etdi. Ol özüniň dokalyş aýratynlygy, inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we milli gymmatlyklary öz içine alýandygy arkaly türkmen halylarynyň gadymy nusgasy hökmünde ykrar edildi.

Ajaýyp sungat eserlerine deňelýän türkmen halylarynyň dünýä ýaýramagynda taryhda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde bu gadymy ugur täzeden dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy milli sungatymyzyň oňyn däpleriniň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi halkymyzyň ägirt uly söýgüsiniň we hormatynyň nyşany bolan hem-de köp müňýyllyk medeniýetiniň miwesi hasaplanylýan türkmen halylarynyň dünýä üçin açylmagyna ýardam etdi hem-de dünýä jemgyýetçiligi türkmen halyçylyk sungatynyň ýörelgeleri bilen tanyşdy.

Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu çözgüt 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara toparynyň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň — Baýdagymyzyň we Tugramyzyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. “Haly türkmeniň kalbydyr” diýilmegi ýöne ýerden däldir.

Haly gölleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezeg ulgamynda we binagärlik keşbinde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň dünýäde iň uly haly gölleri ýerleşdirilen bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girzilendigini bellemek gerek.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak maksady bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy milli senetkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Dünýäniň ylmy we işewür wekillerini, gadymy sungat eserlerini ýygnaýan adamlary hem-de haly muşdaklaryny özünde jemleýän Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň işi hut şu ugruň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi hem-de “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat geçirilip, onda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüş ýollary baradaky çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde halkymyzyň halyçylyk sungatynyň binýadyny kemala getirýän durmuş pelsepesi, baý medeni-taryhy tejribesi açylyp görkezilýän beýleki ugurlar barada giňişleýin gürrüň edildi.

Forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynda el halylaryny dokamagyň ösüşiniň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň özara baglanyşygy we olary baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýan wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlar guraldy.

Oňa Russiýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň muzeýleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler, işewürler, amaly-haşam sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.

Türkmen halylary dünýäde ägirt uly çeperçilik gymmaty we nepisligi bilen hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. Bu halylaryň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergi zallarynyň, çeperçilik edaralarynyň bahasyz gymmatlyklary hasaplanylýar. Dünýäniň halyşynaslaryny haýrana goýýan türkmen halylary uly şöhrata eýe bolýar. Asyrlaryň we müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alan bu ajaýyp sungat häzirki döwürde hem abraýyny saklaýar.

Şu gün milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, köpýyllyk halal we yhlasly zähmetleri, hünär ussatlyklary üçin halyçylaryň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy.

Halyçylar öz döredijiligi, işi üçin amatly şertleriň döredilýändigi, halyçylaryň täze nesillerini ýetişdirmek, olara gadymy we hemişe juwan sungatyň inçe syrlaryny öwretmek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bu baýram mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaraly duşuşyklar, çeperçilik sergileri, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Diýarymyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert pudagyň işgärleri, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Sergi ertir öz işini dowam eder. Onuň tamamlanmagy bilen, sergä gatnaşyjylara degişli güwänamalar we diplomlar gowşurylar.