Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Daşary syýasy derejäniň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda dürli çäreleriň uly tapgyry geçiriler, şu günki maslahat dabaraly ýagdaýda şolaryň başyny başlady.

...Irden döwlet Baştutanymyz «Oguzkent» myhmanhanasyna geldi, bu ýerde foruma gatnaşyjylar — abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleri, döwletimiziň ýolbaşçylar düzümi, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Myhmanhananyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasyna we onuň aýry-aýry düzümlerine, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşigine wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçylary bilen salamlaşdy.

Soňra bu şanly wakanyň resmi banneriniň öňünde foruma gatnaşyjylaryň surata düşmek dabarasy boldy, şondan soň milli Liderimiz wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde mejlisler zalyna bardy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz halkara durmuşyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýetli bolan wezipeleri yzygiderli öňe sürýär hem-de şolary çözmäge çalyşýar.

Şonuň üçin Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, şolary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça çäreleri görýär. Şu günki duşuşyk hem munuň subutnamasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň gün tertibi barada durup geçmek bilen, onda milli we umumadamzat bähbitleri bilen bagly meselelere garaljakdygyny belledi. Olar boýunça pikir alşylar hem-de ýakyn geljek üçin bilelikdäki işler kesgitlener.

Soňra milli Liderimiz çykyşyny Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň altysynyň biri bolan rus dilinde dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylary Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şol bir wagtyň özünde bu sene çärýek asyryň dowamynda geçilen ýola ser salmak, onuň netijelerini jemlemek hem-de Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmündäki häzirki ösüşine baha bermek üçin ähmiýetli delil bolup durýar. Häzirki döwürde biz siz bilen — dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bolan iri abraýly halkara guramalaryna wekilçilik edýän düzümler bilen bilelikde oňyn işleri amala aşyrýarys. Siziň pikirleriňiz we teklipleriňiz biz üçin örän gyzyklydyr we gymmatlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Munuň özi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde aýratyn möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu maslahatyň
guramaçylyk meseleleri we many-mazmuny babatda anyk teklipleriň minnetdarlyk bilen kabul ediljekdigini belledi. Hususan-da, bize bilelikde bu forumyň mowzuklaýyn ugurlaryny hem-de maksatnamasyny we maslahaty alyp barmagyň tertibini kesgitlemek, onuň jemleýji resminamasyny işläp taýýarlamak wajyp bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu günki duşuşyga gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň bu halkara maslahatyny guramaga we ony geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň taryhyna ýüzlendi. Halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň düýpli özgerýän çylşyrymly şertlerinde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan üçin daşary syýasy ugruny seçip almak esasy meseleleriň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu ugur nähili bolar, biz dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary nähili ýola goýarys, halkara hyzmatdaşlygyny haýsy ýörelgeler esasynda ösdüreris?!

Türkmen döwletliliginiň, garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ykbaly hut şu sowallaryň jogabyna hem-de biziň ony dürs saýlamagymyza bagly bolup durýardy.

Çünki daşary syýasat ugruny seçip almakda ýalňyşlyga ýol berilmeginiň döwletiň özygtyýarlylygyny ýitirmegine, onuň milli ösüşiň anyk maksatlaryndan has uzakdaky bähbitleriň gurşawyna çekilmegine sezewar bolýandygynyň taryhy mysallary az däldir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi.

Biz maksada okgunly özygtyýarly, bitarap, ýöne şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty alyp barýarys. Türkmenistanyň Bitaraplygyny halkara-hukuk derejesi hökmünde ykrar etmek boýunça biziň tagallalarymyza dünýäde hoşniýetli we düşünmek bilen garalmagy tötänleýin däldir. Biziň ýurdumyz, ilki bilen, sebit boýunça öz goňşularynyň, soňra-da Goşulyşmazlyk Hereketinde giň goldawa eýe boldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamany biragyzdan kabul etdi.

Munuň özi paýhasly we öňdengörüjilikli çözgütdir. Onuň Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň şertlerindäki ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini wagtyň özi görkezdi. Şondan soň bolan wakalar bu ýörelgäniň oňyndygyny aýdyňlyk bilen tassyklady diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bitarap Türkmenistan sebitde halkara parahatçylyk dörediji tagallalaryň möhüm bölegine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hut Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Täjigistanda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýelän birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini ýatlatdy.

Biziň Bitarap döwletimiziň paýtagty geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda owganiçi gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy.

Biz bu çözgüdi ägirt uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamyň subutnamasy hökmünde kabul etdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi nygtalýar.

Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan meseleleri we jedelleri çözmekde gatnaşyklaryň medeniýetiniň berkarar bolmagyny wajyp hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.

Bu Kararnamada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdylmagy bellärliklidir. Kararnamanyň kabul edilmegi bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy, dünýäniň dürli künjeklerinde durnuklylygy pugtalandyrmak we saklamak işinde köptaraply diplomatiýanyň netijeli hem-de anyk gurallarynyň biri bolup hyzmat etjekdigine bil baglamak üçin ähli esaslar bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen Kararnamanyň örän wajypdygyna hem-de öz wagtynda kabul edilendigine, ozaly bilen bolsa, halkara syýasatynda ýeňil bolmadyk meýilleriň çäklerinde has-da zerurdygyna ynam bildirdi. Dünýä bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan, Ýer togalagynyň birnäçe sebitlerinde ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylyklaryň artýandygyny we ählumumy ösüşiň ýoluna hem-de onuň geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň pese düşýändigini nazara alanyňda, munuň özi has-da ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin iş ýüzünde möhüm ähmiýeti bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de şolary BMG-niň garamagyna hödürlär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu başlangyçlar taýýarlananda hem-de şolaryň geljekde durmuşa geçirilmeginde BMG-niň degişli düzümleri we beýleki abraýly guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bil baglanylýandygyny belledi.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyjy örän bähbitli hasaplaýarys we biz onuň durmuşa geçirilmeginde siziň goldawyňyza bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.

Şeýle resminamanyň mümkin bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň ösüşine ýol bermezlik we güýç ulanmaga çenli bolan ösüşini togtatmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikleri geçirmek ýagdaýyna getirmek üçin netijeli gural hökmünde halkara bileleşigi tarapyndan ulanylyp bilner.

Şeýle hem biz ýakynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň bu başlangyjyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi we ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalary bilen bilelikde birnäçe milli we sebit maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy, Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi. Biziň degişli halkara guramalaryndan bolan hyzmatdaşlarymyzyň bularyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna umyt edýäris.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystana parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Gepleşikleriň geçiriljekdigine pugta ynam bildirdi. Bu babatda güýç ulanmagyň netijesizdigini we bu usulyň geljeginiň ýokdugyny geçen döwrüň tejribesi subut etdi.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle kömekleriň Türkmenistanda işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda mundan beýläk-de yzygiderli esasda ýerine ýetiriljekdigine we goldaw beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrdy.

Owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly durmuş taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Biz olary amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis we Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gün türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň özüniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, onuň özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny belläp, Türkmenistanyň Bitaraplygy şeýle hyzmatdaşlygy haýsydyr bir babatda syýasylaşdyrmakdan saklaýandygyny, biziň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýändigini nygtady.

Bu ýerde özara bähbit, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle ýörelgelere biziň hyzmatdaşlarymyz oňat düşünýärler we oňa ýokary baha berýärler. Bu bolsa dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bitarap döwlet hökmünde biz halkara derejämizden gelip çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanyp, özümiziň uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyzy döredip bilýäris.

Oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna yzygiderli ygrarlylygymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir täjirçilik we ykdysady bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir.

Bu bolsa, öz nobatynda, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, halkara ykdysady hyzmatdaşlykda açyklyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder. Hut şu esasy ýörelgeler halkara guramalarynyň ykdysady, maliýe we maýa goýum ugurly işleriniň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe düzümleri bilen öz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem geçen ýylda biz Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň düzgünlerini we ugurlaryny öwrenmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirdik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň ýerine ýetirilişini şu günki pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri hökmünde kesgitledi. Bu babatda hem Türkmenistan şol ugurda toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu Gün tertibini doly goldandygyny, Durnukly ösüş maksatlaryna goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrmaga dessine girişendigini nygtady.

Baryp, 2015-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň agentlikleri bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şolaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi ylalaşyldy we tassyklanyldy.

Şeýle geňeşmeleriň netijeleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de şolar Hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde, BMG-niň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileri «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» sazlaşykly goşuldy. Bu maksatnamanyň Durnukly ösüş maksatlaryna utgaşdyrmagyň ykdysady bölegi ilatyň elýeterli, ygtybarly we öz wagtynda energiýa üpjünçiligine, durnukly ykdysady ösüşe bolan ählumumy hukugyny, iş bilen üpjünçiligini ýola goýmak, çeýe düzümi döretmek, durnukly senagatlaşdyrylmagyna goldaw bermek we täze ýörelgeleri höweslendirmek ugurlaryna gönükdirilendir. Şunda ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn sanly ulgama geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň durmuş ugruna gönükdirilendigi äşgär görünýär. Gürrüň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitlenişini gowulandyrmak, ählumumy sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, doly gender deňligini üpjün etmek, hemmetaraplaýyn, düýpli we ýokary hilli bilim üçin zerur şertleri döretmek barada barýar.

Türkmenistany ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamynda milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine girişmek bilen, şolary Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolan ekologiýa ugry bilen örän jogapkärli we gyşarnyksyz utgaşdyrýar. Munuň üçin ýurdumyz ykdysadyýetiň senagat, oba hojalygy, ulag we beýleki pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär.

Biz bu mesele babatynda öz garaýyşlarymyzy hemişe anyk beýan edýäris: ekologiýa, daşky gurşawy goramak meseleleri nähili özüneçekiji bolup görünse-de, täjirçilik bähbitlerine hyzmat edip bilmez diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmeginiň sebitde ekologiýa wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Aral deňzini halas etmek olaryň hatarynda baş wezipeleriň biri bolup durýar. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşygynda bu ugurda biziň tagallalarymyz içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, aýry-aýry ylalaşyklar gazanyldy. Şeýlelikde, AHHG-nyň işini kämilleşdirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim ädildi.

Bu ugurda işjeň hereket etmegi, halkara bileleşiginiň, ozaly bilen bolsa, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçiliklerini giňden herekete getirmegi zerur hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biz Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň, Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdük.

2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň üçin oňat binýat bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Suw serişdelerine deňhukukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de halkara düzümleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Şunda Türkmenistanyň garaýşy hemmelere mälimdir: biz suw serişdelerinden peýdalanmak meselelerine garamak we bu meseläni çözmek halkara hukuk kadalary, özara hormat goýmak esasynda we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen halkara guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris.

Umuman, Durnukly ösüş maksatlary boýunça netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýarys. Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşdirilmeginiň zerurdygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine berk ynam bildirildi.

BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde guwandyryjy uly netijeleri gazanyldy. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýakyn wagtlarda ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwerlik meselesine aýratyn ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda demokratik edaralaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan degişli halkara guramalar bilen ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şunda adam şahsyýetiniň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki işiň baş maksady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Biz BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy ýaly düzümler hem-de ynsanperwer ugurly beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar.

Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar, öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany hanym Natalýa Germana söz berdi.

Ol milli Liderimize ýüzlenip, şeýle möhüm maslahaty guramak başlangyjy hem-de Türkmenistanyň halkara guramalary we hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygyň çuňňur we köptaraply derejesine ýugrulan manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi.

BMG hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk hem-de sebit we ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş meselelerinde guramada esasy orny eýelemäge ähmiýet bermäge gönükdirilen möhüm we öz wagtyndaky başlangyçlaryny mübärekleýär diýip, hanym N.German aýtdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň şu ýörelgä eýermek bilen, durmuşyň dürli ugurlarynda diňe bir uly netijeleri gazanman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna örän uly goşant goşandygyny belledi. Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň öz wagtynda we esasly bolandygyny, ýurduň daşary syýasy ösüş nusgasynyň bolsa has oňaýlydygyny hem-de milli bähbitlere, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletli maksatlaryna we BMG-niň Tertipnamasyndaky ýörelgelere kybap gelýändigini bu gün ynamly tassyklap bolar diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitarap daşary syýasy ugry dünýä giňişliginde netijeli hereketleri amala aşyrmaga, syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki gatnaşyklary depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bulara, hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde beýan edilen esasy ileri tutulýan ugurlar şaýatlyk edýär. Şolar Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.

Natalýa German halkara meseleleri düzgünleşdirilende, bitaraplyk hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça BMG-niň düzgünleriniň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyna, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, şolaryň sebäbini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça giň halkara gatnaşyklaryny guramak babatdaky başlangyjyna ýokary baha berdi.

Ol parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak boýunça umumy tagallalar bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasynyň eýeleýän ornuna ähmiýet berýändigi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn berýän goldawy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, bu işiň birnäçe degişli ugurlar boýunça alnyp barylýandygyny, ýöne onuň özenini dartgynlylygy peseltmek, gatnaşyklary ösdürmek, jogapkärçilikli hem-de ylalaşykly çözgütleri kabul etmek arkaly jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol arkaly çözmek boýunça tagallalar düzýär diýip belledi.

Hanym N.Germanyň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylyň başynda Antoniu Guterreş BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine girişmek bilen, BMG-niň işi babatda öz garaýşyny teklip etdi. Şonda öňüni alyş diplomatiýasyna ilkinji derejeli ähmiýet berildi. Baş sekretar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň öňünde eden ilkinji çykyşynda öz ýörelgesini şeýle sözler bilen beýan etdi: «Dawalaryň öňüni almak diňe bir ileri tutulýan ugur bolman, eýsem, esasy wezipedir. Eger biz öz borçnamalarymyzy ýerine ýetirsek, biz ömürleri halas ederis, dert-azaplary azaldarys hem-de millionlarça adamlara umyt bereris».

Şunuň bilen baglylykda, sebit merkeziniň BMG-niň ilkinji düzümleriniň birine öwrülendigi bellenildi. Ol döwletara gatnaşyklaryny goldamagyň hem-de ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny peýdalanmaga we öňe ilerletmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Natalýa German hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk bilen öňüni alyş diplomatiýanyň bölünmezdigi baradaky pikiriniň möhümdigini nygtady. Öňüni almak Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin biziň umumy maksadymyzdyr.

Sebit merkezi öz wezipesini ýerine ýetirmeginiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygynyň has wajyp meseleleri boýunça sebitiň döwletleri bilen özara hereket edýär, sebitde, şol sanda BMG-niň ulgamynyň sebit guramalary we edaralary bilen maglumatlaryň alşylmagyna ýardam berýär, şeýle hem sebitde hem-de onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýlara hemmetaraplaýyn toplumlaýyn seljerme geçirýär.

Soňky ýyllarda köp oňyn we peýdaly başlangyçlary amala aşyrmak, şeýle hem umumy gatnaşyklar üçin täze görnüşleri we meýdançalary döretmek başartdy diýip, hanym N.German aýtdy. Munuň özi Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşyklarynyň täze görnüşine hem degişlidir. Ol 2017-nji ýyldan başlap, diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlaryny däl, eýsem, Owganystany hem öz içine aldy. Owganystanyň wekilleri hem indi merkeziň ugry boýunça geçirilýän ähli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň her ýylky geňeş duşuşygyna taýýarlyk görmek işinde Merkezi Aziýa döwletlerini goldap durandygy möhümdir. Munuň özi Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň guramasynyň, şeýle hem iri sebite degişli çäreleriň üsti bilen döwletleriň Prezidentleriniň garamagy üçin teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen amala aşyryldy.

Merkez tutuş dünýädäki ýagdaýlary hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, terrorçylyga garşy meseleler boýunça işleri güýçlendirmegi dowam edýär. BMG-niň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek boýunça bilelikde hereket etmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda taslamanyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde merkez BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen hyzmatdaşlykda serhetde gözegçilik, terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek maksady bilen interneti peýdalanmagyň öňüni almak meselelerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçiligini artdyrmaga degişli birnäçe çäreleri gurady.

Geçen ýyl merkez BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň bu ugra degişli milli strategiýasyny işläp taýýarlamaga kömek etdi.

Geçen ýyl sebitiň ýurtlary bilen ylalaşylyp, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak meselelerinde sebit hyzmatdaşlygyny goldamak boýunça Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň täze üçýyllyk strategiýasy kabul edildi. Bu täze strategiýa ynanyşmagyň, degişli edaralaryň we hukuk binýadynyň pugtalanmagyna ýardam bermäge, gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Sebit merkezi ýaşlaryň sebitde parahatçylygy we ösüşi goldamak üçin örän uly serişde bolup durýandygyny nazarda tutup, geçen ýyl «Öňüni alyş akademiýasy» atly täze başlangyjyny herekete girizdi. Onuň wezipesi ýaşlar bilen döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda gatnaşyklar üçin meýdança bolmakdan ybaratdyr. Merkez BMG-niň gün tertibindäki «Zenanlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk» diýen mesele bilen baglylykda, sebitde gender ulgamyna degişli ugur boýunça hem işleýär.

2020-nji ýylda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy bilen hem özboluşly gabat gelýär. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bu senäni baýram etmegiň çäklerinde nurana geljegimizi gurmakda, halkara hyzmatdaşlygynyň eýeleýän orny baradaky mesele boýunça giň gerimli hem-de ählumumy açyk çekişmäni guramak pikirini öňe sürdi hem-de oňa gatnaşmaga hemmeleri çagyrdy diýip, merkeziň ýolbaşçysy belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýokary derejeli halkara maslahaty geçirmek baradaky pikiri Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň öň ýanynda aýratyn ähmiýete eýedir.