Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini gutlady

«Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr» -diýlip Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda aýdylýar.

«Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür» -diýlip Gutlagda aýdylýar.

«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «HaIk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly harby ýöriş geçirdik. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýokary derejede geçen hem-de halkara jemgyýetçiliginiň giň seslenmesine mynasyp bolan bu dabaraly harby ýöriş halkymyzyň mertlige, edermenlige, gahrymançylyga goýýan sarpasyny alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli waka hökmünde döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň hem ýokary derejede guralmagy üçin häzirden ykjam taýýarlyk görmelisiňiz. Dabaraly harby ýörişden buýsançly başlaryňyzy belent tutup, ruhubelentlik we ýokary söweşjeň ruh bilen geçmelisiňiz, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby kuwwatyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmelisiňiz, ynamly gadamlaryňyz bilen merdana ata-babalarymyzyň şu günki nesilleriniň gaýratyny, edermenligini we Watana wepalylygyny görkezmelisiňiz» - diýlip hatda nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Gutlagy: «Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!» - diýen sözler bilen jemlenýär.