Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Rama Natha Kowindanyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanda Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň, milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy, ruhy we medeni kökleriň baglanyşdyrýandygyny, munuň şeýledigine orta asyrlaryň taryhy senenamalarynyň, dostlukly ýurduň çäklerinde saklanyp galan ýadygärlikleriň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň beýik ogullary – ajaýyp döwlet işgäri we serkerdesi, akyldar we Gündogaryň zehinli edebiýatçysy Baýramhan türkmen we onuň ogly Abdyrahym han Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypany ýazdylar, olaryň mirasyna hindiler örän uly hormat we sarpa bilen garaýarlar. Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde bina edilen Türkmen derwezesi iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň binagärlik nyşany we utgaşmasy bolup durýar.

Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz türkmen-hindi gatnaşyklaryna tüýs ýürekden guwanýarys hem-de ony has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň tassyklanylan hemişelik Bitaraplyk derejesi “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de durnukly ösüşe, parahatçylyga we ählumumy rowaçlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmäge ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Energetika we ulag ýaly möhüm ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan bu ulgamlarda netijeli başlangyçlary, şol sanda ýük daşamak üçin ykdysady taýdan bähbitli ýollary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga degişli başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada aýdyp, bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Möhüm ähmiýetli bilelikdäki türkmen-hindi taslamalarynyň biriniň durmuşa geçirilmegi – “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” kärhanasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Taryhy we medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, ynsanperwer alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim, döwrebap maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanda Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň, milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy, ruhy we medeni kökleriň baglanyşdyrýandygyny, munuň şeýledigine orta asyrlaryň taryhy senenamalarynyň, dostlukly ýurduň çäklerinde saklanyp galan ýadygärlikleriň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň beýik ogullary — ajaýyp döwlet işgäri we serkerdesi, akyldar we Gündogaryň zehinli edebiýatçysy Baýram han türkmen we onuň ogly Abdyrahym han Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypany ýazdylar, olaryň mirasyna hindiler örän uly hormat we sarpa bilen garaýarlar. Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde bina edilen Türkmen derwezesi iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň binagärlik nyşany we utgaşmasy bolup durýar.

Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz türkmen-hindi gatnaşyklaryna tüýs ýürekden guwanýarys hem-de ony has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň tassyklanylan hemişelik Bitaraplyk derejesi “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de durnukly ösüşe, parahatçylyga we ählumumy rowaçlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmäge ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Energetika we ulag ýaly möhüm ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan bu ulgamlarda netijeli başlangyçlary, şol sanda ýük daşamak üçin ykdysady taýdan bähbitli ýollary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga degişli başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada aýdyp, bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Möhüm ähmiýetli bilelikdäki türkmen-hindi taslamalarynyň biriniň durmuşa geçirilmegi — “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” kärhanasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Taryhy we medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, ynsanperwer alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim, döwrebap maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.
beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.