Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň özara islegine esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan hem-de yzygiderli ösýän dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň berkidilmegine berýän ünsi we goldawy üçin Premýer-ministr Sindzo Abä minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mäkäm esas bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Imperator Naruhitonyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, geçen ýylyň oktýabrynda Tokio amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen bolan duşuşygyny aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Açyklyk we birek-birege ynam bildirmek ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan isleginiň üýtgewsizdigi tassyklanyldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dünýäniň hem-de sebitiň abraýly guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde, häzirki wagtda döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýe bolandygy bellenildi.

Türkmenistanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň işlerini goldamak bilen, maýa goýum işjeňligi üçin amatly şertleri dörederis.

Soňky döwürde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigi, munuň iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň hem-de olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýola goýlan netijeli bilim hem-de ylym gatnaşyklaryny, şol sanda türkmen hünärmenlerini okatmak we taýýarlamak babatda gatnaşyklary has-da giňeltmek barada bir pikire geldiler.

Türkmenistanda jenap Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, milli Liderimiz öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Premýer-ministr Sindzo Abe öz adyna hem-de Ýaponiýa babatda aýdylan mähirli sözler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan ugry we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga yzygiderli berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ençeme taslamalaryň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlaýandygyny, şonda mähir bilen kabul edilendigini belledi. Jenap Sindzo Abe ýurdumyza bolan saparynyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny hem-de gözelligi we ýyndamlygy bilen deňi-taýy bolmadyk ajaýyp ahalteke bedewleriniň üýtgeşik duýgulary döredendigini aýtdy.

Jenap Sindzo Abe Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklara hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ynanyşmak, dostlukly ýagdaýda geçen telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri biri-birine hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.