Täzelikler

UNODC Aşgabat halkara howa menziliniň we "Türkmenistan" howa ýollarynyň hünärmenleri üçin okuw sapagyny geçirdi

2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabadyň halkara howa menzilinde “Türkmenhowaýollary” agentligi UNODC-nyň Türkmenistandaky edarasynyň wekili jenap Rüstem Babaýew, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Halkara ösüş agentliginiň wekili Nino Nadiradze, Türkmenistanda USAID-iň “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” taslamasynyň ýurt boýunça utgaşdyryjysy hanym Şemşat Muhammetkuliýewa we UNOCT-yň edarasynyň wekili hanym Karina Timsina bilen resmi duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ulag howpsuzlygyny we terrorçylyga garşy göreş usullaryny üpjün etmekde maksatnamany has-da ösdürmek boýunça özara hyzmatdaşlyga teklipler hödürlendi. Şeýle hem, duşuşygyň çäginde howa menziliniň hünärmenleri üçin adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça ýörite okuw sapaklary geçirildi.

Gepleşikleriň ahyrynda, BMG-nyň ýurt guramalary howa menziliniň hünärmenleri we awiasiýa boýunça okuw mekdebiniň mugallymlary üçin okuw sapaklaryny we seminarlary mundan beýläk hem geçirmekligi teklip etdiler.