Täzelikler

“Fly Dubai” awiakompaniýasy “Ground handling” barlagyny we Aşgabadyň halkara howa menzilinde ýolagçylara hyzmat etmek boýunça işgärleri taýýarlamak üçin okuw sapagyny geçirýär

“Fly Dubai” awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlarynyň täzeden başlamagy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň hünärmenleri Aşgabat howa menzilinde berilýän ýerüsti hyzmatlaryň hili barada barlag işlerini geçirdi. Barlagyň netijelerine esaslanyp, barlagyň üstünlikli tamamlanmagy we Aşgabat halkara howa menziliniň IATA standartlaryna laýyk gelýänligi barada hasabat berildi.

Bu barlag, “Fly Dubai” awiakompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça sebitleýin dolandyryjysy Wenera Bondaryň gözegçiligi astynda geçirildi. Şeýle hem, hanym Bondar halkara şahadatnamalary bermek bilen ýolagçy, goş-golam, ýük we poçta hyzmatlarynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny gurady. Hyzmatdaşlygyň çäginde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

“Fly Dubai” awiakompaniýasy “Ground handling” barlagyny we Aşgabadyň halkara howa menzilinde ýolagçylara hyzmat etmek boýunça işgärleri taýýarlamak üçin okuw sapagyny geçirýär