Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistana uçuşlaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýän CARGOLUX awiakompaniýasynyň wekilleri tarapyndan meýilleşdirilen barlag geçirildi. Geçirilen barlagyň dowamynda hünärmenler howa menziliniň ýerüsti hyzmatlarynyň hilini barladylar. Netijede, Aşgabadyň howa menziliniň barlagdan üstünlikli geçmegi we IATA-nyň ähli standartlaryna gabat gelýänligi barada hasabat berildi.
Şeýle hem, barlagyň çäginde hyzmatdaşlyk şertnamasynyň şertlerinde CARGOLUX awiakompaniýasynyň sebitleýin dolandyryjylary we barlagçylary, daşary ýurtly mugallymlaryň gatnaşmagynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň, “Türkmenistan” howa ýollarynyň we uçardaky howa şertlerini bejermegiň usullary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýörite Okuw mekdebiniň işgärleri üçin okuw sapaklaryny geçirdiler. Okuw sapagyna gatnaşyjylara halkara şahadatnamalary gowşuryldy.
Şeýle hem CARGOLUX awiakompaniýasynyň dolandyryjylarynyň we barlagçylarynyň Halkara howa menziliniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygy we özara halkara tejribeleri alyşmak arkaly hünär derejelerini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.