Täzelikler

Türkmen awiakompaniýasy hepdede 5 gezek Stambula uçar

“Türkmenistan” howaýollary 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Aşgabat Halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynyň berýän maglumatyna görä, indi Türkiýä uçuşlar hepdede 4 däl-de, 5 gezek amala aşyrylar.

Uçuş rejesine laýyklykda, Aşgabat - Stambul yzygiderli howa gatnawlary duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri amala aşyrylýar.

Türk awiakompaniýasynyň hem Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça gatnawlary amala aşyrýandygyny ýatladýarys. 

Türk Howaýollary hepdede 6 gatnaw – Stambul - Aşgabat (duşenbe, çarşenbe, anna, şenbe) ugry boýunça 4 we Stambul - Türkmenbaşy (sişenbe, penşenbe) ugry boýunça 2 uçuş amala aşyrýar.

Umuman alanyňda, iki awiakompaniýa tarapyndan Türkmenistandan Türkiýä we tersine hepdede jemi 11 yzygiderli gatnaw amala aşyrýar.