1-nji fewraldan Türkmenistanyň raýatlary üçin "Türkmenistan" awiakompaniýasy aşakdaky halkara ugurlarda bilet bahalaryny 30% arzanladýar: Aşgabat - Dubaý, Aşgabat - Kazan, Aşgabat - Moskwa we Aşgabat - Stambul.
Bu ugurlara bilet onlaýn satyn alynsa bahasy 30,97% arzanladylar. Awiakompaniýanyň kassalarynda satyn alnan bilediň bahasy 2,5% gymmat bolar.
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň habar bermegine görä, ýanwar-fewral aýlarynda onlaýn biletleri Moskwa-Aşgabat we Kazan-Aşgabat ugurlarynda hem satyn almak bolar.