Täzelikler

Turkish Airlines 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Türkmenistana uçýan gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny peseltýär

Turkish Airlines awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Stambuldan Türkmenistana uçýna uçar petekleriniň nyrhyny peseldýär – eger petekleri Turkish Airlines saýtyndan onlaýn arkaly satyn alynsa, Türkmenistana uçuş peteginiň nyrhy ABŞ-yň 605 dollaryna we yzyna uçuş peteginiň bahasy 603 dollar 50 sente deň bolar.

2-nji ýanwardan başlap, Türkiýäniň howa ýollary Stambul-Aşgabat-Stambul we Stambul-Türkmenbaşy-Stambul halkara ugurlaer boýunça täze gatnaw tertibi arkaly uçuşlary amala aşyryp başlaýar. Ol 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli hereket eder.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Turkish Airlines Stambul-Aşgabat yzygiderli gatnawlarynyň sanyny hepdede 2 gezek bolanlygyndan 4 gezege çenli artdyrar, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlar bolsa, hepdede 2 gezek ýerine ýetiriler. Umuman awiakompaniýa Türkmenistana her hepdede 6 gezek uçar.