Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de dostlukly döwletiň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Gruziýa bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda pugtalandyrylýandygyny, onuň özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir.

Türkmen-gruzin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan ulag ulgamy hem ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňzi sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Energetika pudagy hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Özara gatnaşyklary we mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin köpýyllyk tejribä eýe bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy däp bolan dostlukly gatnaşyklary depginli ösdürmäge hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.