Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriniň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigini, şeýle hem ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzüminiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda ýüzlerçe täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprileriň gurulmagy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.