Täzelikler

Aşgabatda Halkara ulag maslahaty başlandy

Çärä Türkmenistanyň ugurdaş edaralaryna, dünýäniň dürli künjeklerinden ulag kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän 300 töweregi wekil gatnaşdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda Türkmenistanyň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlar boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýandygy nygtaldy.


Maslahatyň umumy mejlisini açyp, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow, ýurduň halkara howa menzillerinde göz öňünde tutulan düzümler arkaly ýükleriň üstaşyr geçirilmegi üçin Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň öňe ilerledilişi barada gürrüň berdi.

Maslahata gatnaşyjylar ýük we ýolagçy gatnawlarynyň pandemiýadan soň dikeldilmegi baradaky meselelere, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine, we ugurdaş ulgamda bar bolan meseleleriň çözülmegine uly üns berdiler.