Täzelikler

Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti geçirildi

Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar Sammiti geçirildi. Sammite Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler, şeýle-de wekiliýetleriň giňeldilen düzüminde Hazar deňzinde dürli pudakda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hem sebitiň gün tertibinde duran taraplaryň ählisi üçin bähbitli wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy Hazar sammitiň Beýanaty kabul edildi.