Täzelikler

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.


Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Hindistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.


Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar.


Mälim bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hindistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk, şeýle-de şanly seneleriň ikisiniň — türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi bilen şertlendirilendir.


Gysga döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdiler. Milli döwletlilik gazanyldy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze nusgasy döredildi, oňyn halkara tejribe toplandy. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dost we möhüm hyzmatdaşdyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biridir. Şu gezekki sapar hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan ýokary derejedäki gepleşikler soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler.


...Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.


Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar.


Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugraýar.


2-nji aprelde Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy şübhesizdir.


Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklar çuňňur taryhy köklere we taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp berkidilýär, şol sanda köptaraplaýyn esasda pugtalandyrylýar. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça gatnaşyklar iki dostlukly ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge pugta ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Statistiki maglumatlar, döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar munuň mysaly bolup biler.


Dürli derejedäki duşuşyklaryň barşynda taraplaryň ýola goýlan syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanylýar. Özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary yzygiderli berkitmek boýunça anyk ädimler kesgitlenilýär.


Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Onuň mejlisleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, ileri tutulýan taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar.


Ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni, ruhy we taryhy gatnaşyklar onuň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik ogullary Baýram han we Abdyrahym han-hanan Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindistanyň halky olaryň mirasyna, hindi paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi ýaly meşhur taryhy-binagärlik ýadygärligine uly hormat-sarpa goýýar. Iki ýurduň alymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri döwletleriň ikisinde geçirilýän halkara maslahatlaryň, festiwallaryň we sergileriň işine işjeň gatnaşýarlar.


Bilim we ylym ulgamlary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplar hindi dili hünäri boýunça okadylýar.


Umuman, Türkmenistan we Hindistan köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýedir. Şolardan netijeli peýdalanmak iki ýurduň arasynda has berk we ygtybarly dostluk köprülerini, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder. Prezident Ram Nath Kowindiň şu gezekki döwlet sapary bu gatnaşyklara täze, kuwwatly itergi bermäge, onuň möhüm ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.


Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.


Mahlasy, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder.