Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara görelde görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Şu ýyl özüniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny bellän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol Aziýanyň merjen dänesine deňelýär.

Çalt depginlerde ösýän şäheriň binagärlik keşbi ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň subutnamasydyr. Paýtagtymyzyň binalarynyň birnäçesi, şeýle-de Aşgabat şäheri dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu bolsa ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrýar. Olaryň ählisi milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Köpetdagyň eteklerinde ägirt uly meýdany eýeleýän tokaý zolaklary döredildi. Bu bolsa ýakymly howa gurşawynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň töwereklerinde hem millionlarça düýp bag nahallary ekildi. Halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolan bag ekmek çäresi geçirilýär, adamlar bu işe höwes bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde, tokaý zolaklarynyň çägi giňeýär, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawyň arassalygy, jan saglygy hem-de sport biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni döredildi. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär. Ýeri gelende, munuň Ýer şarynyň ekologiýasyny goramaga, sagdyn durmuş hereketine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýurdumyzyň ýene bir goşandy bolandygyny bellemek gerek.

Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap ýapyk welotregiň gurulmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşine eýerýänleriň sanynyň ep-esli artmagyny şertlendirdi.

Geçen ýyl milli Liderimize gowşurylan Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UСI) ýokary sylagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welosiped sportuny wagyz etmek hem-de ony halkara derejä çykarmak boýunça bitiren hyzmatlarynyň şeýle-de ägirt uly tagallalarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy.

Welosiped sporty bedeni berkitmäge, onuň kesellere garşylygyny güýçlendirmäge ýardam berýär, ýürek urgusyny hem-de gan basyşyny, madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa adamlaryň işjeňligini artdyryp, olarda ruhubelentlik döredýär hem-de saglygyny berkidýär. Şonuň ýaly-da, welosiped diňe bir amatly ulag serişdesi bolman, eýsem, eziz Diýarymyz boýunça täsirli gezelençleri amala aşyrmaga hem mümkinçilik berýär. Welosipedli gezelenç açyk howada wagtyňy peýdaly geçirmäge şert döredýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, welosipedli gezelençler adama tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliklerine guwanmaga mümkinçilik döredýär. Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündelik durmuşynda hem-de baýramçylyklarynda, onuň däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Biziň günlerimizde hem tebigata aýawly garamak halkymyzyň edim-gylymynda berk ornaşandyr, ol döwlet syýasatynda hem esasy orny eýeleýär.

Milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň özenini mydama döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport bilen meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga kömek edýär. Munuň üçin ýurdumyzda iň gowy şertler döredilýär — degişli düzüm ösdürilýär, wagyz işleri geçirilýär.

Ýaş nesli terbiýelemekde sporta möhüm orun degişlidir. Ol diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmakda, şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginde wajyp ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda bu meselä aýratyn üns berdi.

Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa Olimpiýa şäherçesini döretdik diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge özüniň mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiziň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen ХХХII Olimpiýa oýunlaryna gatnaşandygyny belledi. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu oýunlarda üstünlikli çykyş edip, dünýäniň iň abraýly ýaryşynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medalyna mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi.
“Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir. Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ozal görlüp-eşidilmedik işler durmuşa geçirildi. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda — mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda degişli derejede enjamlaşdyrylan hem-de zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün edilen sport zallary we meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş jaý toplumlarynda, olar bilen ýanaşyk çäklerde göz öňünde tutulýar.

Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, Türkmenistanda dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde her ýylyň 7-nji aprelinde geçirilýän dabaralar ozal görlüp-eşidilmedik giň gerim aldy. Ýurdumyzda özüne ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary — ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet edaralarynyň, durmuş-medeni ulgamynyň işgärlerini, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşlerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny birleşdirýän umumymilli sport çärelerini geçirmek däbe öwrüldi. Möhüm wakalar we milli senenamamyzdaky şanly seneler mynasybetli Saglyk ýoluna çykylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän milli çempionatlaryň, ýaryşlaryň abraýy ýokarlanýar.

Biziň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigine bu ugurda gazanylan anyk netijeler hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, raýatlaryň köpüsi, şol sanda çagalar we ýaşlar dürli sport ugurlary bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Meselem, ýaş nesil uly ruhubelentlik bilen sportuň hokkeý, buzda typmak ýaly gyşky, şeýle hem tomusky görnüşlerini özleşdirýärler.

Ýurdumyzda ilata halkara ölçegleriň derejesindäki döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň elýeterliligini üpjün edýän saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ýaşaýşyň hiline we ömrüň uzaklygyna oňyn täsir edýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sportuň tehniki görnüşleri, şol sanda awtomotosport okgunly ösdürilýär. Sportuň bu ugrunda tejribeli ussat hasaplanylýan döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň goldaw bermegi netijesinde Aşgabatda awtomobil sportunyň merkezi we onuň düzümine girýän motodrom açyldy. Milli Liderimiz ýokary derejeli awtosürüji hökmünde ýaryş awtomobillerini ýolsuz şertlerde hem dolandyryp, ajaýyp sport ussatlyklaryny ençeme gezek görkezdi.

Elbetde, biziň halkymyzda däp bolan atçylyk sporty uly meşhurlyga eýedir. Çünki Türkmenistan öz gözelligi, ajaýyplygy we ýyndamlygy bilen meşhur bolan, şeýle hem sport başarnyklary arkaly tapawutlanýan ahalteke bedewleriniň watanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewlere sarpa goýýan atşynas we at çapmagyň ajaýyp ussady, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşleri, hususan-da, konkur sporty üstünlikli ösdürilýär.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşyp, Akýol atly bedewde birsellem gezim etdi.

Öz taryhynyň müňýyllyklarynyň dowamynda dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny aýawly saklamak, ony artdyrmak hem-de daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde, milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy, ýurdumyzda pudagyň düzümlerini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça heniz görlüp-eşidilmedik çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäde iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden täsin sungatyna deňelýän bedewlere nähili belent sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde, türkmen atşynaslary hem-de seýisleri behişdi bedewlere ideg etmegiň usullaryny kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedirler, olar bedewleriň tohum arassalygyny saklamak boýunça netijeli işleri dowam edýärler. Häzirki wagtda ýyndamlygy bilen bütin dünýä meşhur bolan ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende çykaryldy. Arassa ganly bedewler biziň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk yhlasly zähmetiniň hem-de zehininiň miwesidir, nesilden-nesle geçirilýän täsin mirasdyr.

Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ugurdaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýär.

Gadymy döwürlerden bäri ähli toý-dabaralarda at çapyşyklary geçirilýär. At çapyşyklary, milli at üstündäki oýunlar ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklara aýratyn öwüşgin çaýýar, häzirki döwürde halkymyzyň däp-dessurlarynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, ony öz erkine goýberdi. Bedew gorgunlap barşyna tejribeli atçaparyň hereketlerine eserdeňlik bilen boýun bolýar.

Ajaýyp ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz olary wasp edýän birnäçe eserleri — “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaplaryny döretdi. Giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrülen bu eserlerde halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserleri bolan şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir. Türkmenler bedewlerini ýakyn syrdaşy hem-de wepaly ýoldaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeler hem bu behişdi bedewlerde aýratyn häsiýetleriň kemala gelmegine täsirini ýetirdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde, milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz atly gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

...Halkymyzyň “Saglygym — baýlygym” diýen parasatly nakyly bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu has giň mana eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge gönükdirilen uly işlere ruhlandyrdy. Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda işjeň ädimleri ätmek bilen özüniň sport döwleti hökmündäki abraýyny pugtalandyryp, dünýäniň beýleki ýurtlary üçin oňat görelde görkezýär.