Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol düýn Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Ýurduň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bu saparyna Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de oňa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly sarpa bilen garaýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle hem HHR-iň Başlygy Si Szinpine şu ýyl Hytaý Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk senesiniň bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edildi. Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda hytaý halky bir asyryň dowamynda uly we üstünlikli ösüş ýoluny geçdi.

Döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň daşary işler ministri taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.

Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” taslamasynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şol başlangyçlar umumy taryhy ýörelgelere esaslanmak bilen döwletleriň hem-de halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat edýär.

Söhbetdeşler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynda okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdylar. Bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy munuň miwesidir.

Duşuşygyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge esasy çemeleşmeler beýan edildi. Şu ýylyň 6-njy maýynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de HHR-iň Başlygy tarapyndan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi.

Iki döwletiň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň 5 ýyl üçin Maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Bu maksatnama hyzmatdaşlygyň özara ylalaşylan ugurlary boýunça anyk taslamalary we çäreleri meýilleşdirmäge hem-de yzygiderli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary hem-de saglygy goraýyş, maglumat, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, kosmonawtika ulgamlary we beýlekiler wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şol ulgamlarda özara tagallalary birleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir.

Kanunçykaryjy edaralaryň arasynda hem ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we HHR-iň halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toparyň işi okgunly ösýän döwletara hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmelidir.

Tutuş dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar tutuş adamzada howp salýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde toplanan oňyn tejribäni alyşmak bilen, lukmançylyk ulgamynda mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna şu resmi sapary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, onuň syýasy we döwlet işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny hem-de ony Türkmenistanda görmäge şatdygy baradaky ynandyrmalaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Hytaýyň daşary işler ministri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Biz Siziň baştutanlygyňyzda halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Bitarap Türkmenistanda ylalaşyklylyk we durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüş ýagdaýynyň saklanýandygyny, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görýäris. Biz Türkmenistan bilen hemişe hoşniýetli goňşular, oňat dostlar hem-de ygtybarly hyzmatdaşlar bolupdyk we şeýle bolmagymyzda galýarys diýip, Wan I nygtady.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen gatnaşdy.

***

Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Mähirli, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň derejesi berlen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem şol aýda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan gatnaşyklara täze itergi berdi.

Umumy pikire görä, häzir Pekin we Aşgabat döwletara gatnaşyklaryň has oňaýly görnüşini işläp düzdüler, ol her tarapyň milli bähbitlerini hem-de Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynamly gatnaşyklar bilen bagly bolan türkmen we hytaý halklarynyň hoşniýetliligini nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Iki ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda gazanylan özara düşünişmegiň we hormatlamagyň ýokary derejesi dürli derejedäki yzygiderli, netijeli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin oňaýly esas döredýär. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlary has möhüm bolup, şol ugurlarda hyzmatdaşlyk iki dostlukly döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýär.

Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň beýleki möhüm ulgamlarynda, hususan-da, dokma, himiýa, azyk senagaty, oba hojalyk toplumy we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanma bildirildi.

Bu babatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenýär. Ol bar bolan ykdysady we eksport kuwwatyň netijeli amala aşyrylmagyny, has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegini hem-de ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegini ugur edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, iň gowy dünýä tejribesiniň we innowasion tehnologiýalarynyň çekilmegini ugur edinýän “Açyk gapylar” syýasatyna Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri uly gyzyklanma bildirýärler.

Taraplar soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm taslamalar bilen berkidilen işjeň gatnaşyklary goldamak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigi barada bir pikire geldiler.

Duşuşygyň ahyrynda köpasyrlyk dostluk däplerine hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky ynama esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

***

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda giň ugurlary öz içine alýan we ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda netijeli häsiýetde ösdürilýän türkmen-hytaý syýasy gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli guralýan gatnaşyklary dowam etmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki pudaklar özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň HHR-iň Sian şäherine bolan saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugry boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamyndaky özara gatnaşyklary berkitmek häzirki döwrüň ýagdaýyny, hususan-da, dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy bilen şertlendirilen ýagdaýy nazara alanyňda, aýratyn möhüm hasaplanylýar.

Duşuşygyň dowamynda halkara we sebitara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermegiň ähmiýetine üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan dostluk we deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklaýan birnäçe resminamalara gol çekildi.