Täzelikler

Aşgabat halkara howa menzili awariýa halas ediş türgenleşik okuw sapaklaryny geçirdi

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli  maksatnamasynda” raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we uçuşlaryň howpsuzlygyny has ýokarlandyrmak, aeroportlary döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýan meseleleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Raýat awiýasiýasynyň IKAO  halkara guramasynyň standartlaryna we maslahat berýän tejribelerine laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Aşgabat aerodromynyň çäginde  uçuşy ýerine ýetiren Howa gämisiniň guş sürüsi bilen çaknyşmasynda howa gämisiniň hereketlendirijisiniň bozulmasy esasynda, aerodromdan  daşary mejbury gonanda , ýolagçylary, howa gämisiniň ekipažiny we bagažlary hem-de ýükleri halas etmek  boýunça” tassyklanan mowzuk esasynda 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 19-na, howa menziliniň çäginiň daşynda, takmynan Aşgabat-Daşoguz garaýolynyň 11-nji kilometrinde Aşgabat şäheriniň awariýa halas ediş işleri boýunça degişli edaralary we gulluklary bilen bilelikde türgenleşik okuw sapaklary geçirildi. 

Okuw Türgenleşik sapaklaryna Aşgabat halkara howa menziliniň Heläkçilik-halas ediş topary we ýer üsti gözleg-halas ediş topary,howa gözleg-halas ediş topary bilen howa gözlegi üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň AGPJ-niň heläkçilik-halas ediş işleri boýunça nobatçy MI-8 kysymly dikuçary, Aşgabat şäher Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy, Aşgabat şäher Ýangyn howpsuzlyk gullugy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň wekilleri hem-de Aşgabat şäher Tiz kömek saglyk öýüniň wekilleri gatnaşdylar. Türgenleşigiň dowamynda aerodromyň çagindäki guş sürüleriniň , howa gämisi bilen çaknyşmasy esasynda, howa gämisiniň hereketlendirijisiň bozulmagyna getiren halatynda,aerodromdan daşary mejbury gonuş çäreleri geçirilip, ýolagçylary we ekipajyň agzalaryny halas etmeklik, bagažyň we ýükleriň abatlygyny saklamaklyk çäreleri üstünikli amala aşyryldy. Türgenleşik okuw sapaklaryna gatnaşan ähli agzalar,  tassyklanan heläkçilik-halas ediş meýilnamasynyň görkezmelerini doly we dürs ýerine ýetirip, özleriniň adatdan daşary we heläkçilik ýagdaýlaryna taýýardyklaryny görkezdiler. Bu bolsa Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynyň howa ulaglary hyzmatlarynyň dünýä standarlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär we  mundan beýläk-de hyzmatlaryň hilini howupsuzlyk taýdan  ýokary derejede alnyp barylmagyny talap edýär.