Kargo terminaly

Aşgabadyň halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýän ýük terminaly şu günki günde sebit boýunça gury ýerde gurlan iň döwrebap desgalaryň biridir. Ýük terminalynyň umumy tutýan meýdany 17 620 m2 ybarat bolup ýük terminaly bir ýylyň dowamynda 200 000 tonna ýük işläp taýýarlamaga niýetlenen.

Terminaly tarapyndan hödürlenýän giň görnüşli hyzmatlaryň hili halkara ülňülerine laýyk gelýär we gury ýer boýunça halkara ýük daşaýjylary üçin zerur bolan hyzmatlaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.Ýük terminaly gije- gündiziň dowamynda işleýär we ýükleriň ähli görnüşlerini, şol sanda howply ýükleri hem kabul etmek, resmileşdirmek, saklamak we ugratmak bilen bagly doly hyzmatlary hödürleýär. Ýük terminalynda ýükler gümrük taýdan resmileşdirilýär we Aşgabat terminalyndan üstaşyr beýleki ýerli hem-de daşaty ýurt aeroportlaryna ugradylýar. Müşderilere amatly bolar ýaly, howa menziliniň ýük terminalynda ýük daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýän awiakompaniýalaryň wekilhanalary bar.

Ýük terminalynda howply ýükleri resmileşdirmek we ýerleşdirmek işleri Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) tekliplerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Gymmat bahaly ýükler daşalanda howpsuzlygy ýokary derejede üpjün etmek üçin ýörite tehnologiýalar ulanylýar. Şeýle ýükler wideo gözegçilik, duýduryjy, ýangyn söndüriji, howanyň temperaturasyny we çyglylygyny sazlaýjy enjamlar bilen üpjün edilen ýörite desgalarda saklanýar.

Agyr ýükleri dolandyrmak üçin köp tonna niýetlenen ýükleýjiler ulanylýar, kiçi göwrümli ýükleri saklamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan meýdançalar bar. Ýük terminalynda işiň gidişine gözegçilik etmäge we alnan maglumatlary geljekde peýdalanmaga mümkinçilik berýän wideo gözegçilik enjamlary oturdylandyr.

Häzirki wagtda ýük terminalyny CargoLux, Belawia, Fly Dubai, China Southern Airlines Company Limited, S7 Airlines, Türk Howaýollary we beýleki iri halkara kampaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.


Ýük terminalyň 1-njy gatynyň IMPORT tarapynda ýerleşýän otaglaryň sanawy: 

Sowuk otag - 3 sany

Janly haýwanlar üçin niýetlenen otag - 1 sany

Ösümlikler üçin niýetlenen otag - 1 sany,

Derman otagy – 1 sany

Jeset üçin sowuk otag - 1 sany

Gymmat bahaly ýükler üçin - 1 sany

Ýükleri saklamak üçin niýetlenen tekjeler - 18 sany,


Ýük terminalyň 1-njy gatynyň EXPORT tarapynda ýerleşýän otaglaryň sanawy: 

Sowuk otaglar – 3 sany

Janly haýwanlar üçin niýetlenen otag – 1 sany

Ösümlikler üçin niýetlenen otag – 1 sany

Derman otagy – 1 sany

Jeset üçin sowuk otag – 1 sany

Gymmat bahaly ýükler üçin – 1 sany

Ýükleri saklamak üçin niýetlenen tekjeler – 9 sany


CTI ULGAMY: 

Howa ýüklerini dolandyrýan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy milli raýat awiasiýasynyň pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürlik-ykdysady taýdan ösüşleri ýola goýmak boýunça birnäçe innowasion tehnologik çözgütler kabul edildi.
Olaryň biri hem LTV-sistema (Liftwating Transfer Vehicle), ýükleri dolandyrmak ulgamy bolup, ol terminalda we rampada ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin elektron platformalary öz içine alýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar barada aýdylanda bolsa, ýük uçary terminalyň duralgasynda saklanýar.

Ýüklemek/düşürmek boýunça işler palletleriň we ýörite ýerüsti dolandyryş enjamlarynyň kömegi bilen geçirilýär.

Ýüklenen ýük terminala daşalýar we bu ýerde operator ýük birliklerinde ştrih-kodly ýazgylary gözden geçirýär we maglumatlar elektron merkeze geçirilýär.

Soňra paletdaky ýük terminala iberilýär we görnüşine laýyklykda ammarlara bölünýär. Zerur bolanda operator talap edilýän zady awtomatiki usulda alýar: ETV-sistema onuň saklanylýan ýerini kesgitleýär we ony ýükleýiş duralgasyna eltýär.

Eksport ýükleri bölüminde rentgen we skaner barlagyndan soň, ýükler ýük daşaýjylar ýa-da platformalar tarapyndan ýüklenilýän meýdançasyna eltilýär. Operator paletdaky ýükleri konweýerde ETV-sistemasyna ugrukdyrýar.
Bu bölümde 4 sany ýük göteriş meýdançasy hem bar. ETV-sistemasy uçuşlaryň gün tertibine laýyklykda ýükleri eltýär. Çykarylan harytlar doly ýüklenenden soň, olaryň barkodlary skan edilip, sistemadan aýrylýar. Terminalyň ulaldylýan ULD (birlik ýüklemek enjamlary) üçin awtomatlaşdyrylan saklamak/gözlemek ulgamy bar.

Ýükleri ammarlara ýerleşdirmek üçin otag  - 1 sany

Ýükli paletleri ýerlemek üçin tekjeler – 351 sany

Ýükleri kabul etmek üçin ýörite rolikli bölüm – 6 sany

Ýükleri göýbermek/bermek üçin ýörite rolikli bölüm – 6 sany


ÝÜK TERMINALYNYŇ HOWLUSY:

Uly göwrümli ýükler üçin bassyrma (nawes) – 1 sany

Howply ýükler üçin aýratyn ammarlar – 2 sany

60 tonnalyk awtoulag üçin niýetlenen 1 sany elektron terezi


ÝÜKLER ÜÇIN NIÝETLENEN ÝÖRITE AWTOULAGLAR:

Uly göwrümli ýükler üçin Hayloder TREPLE CHAMP300 – 1 sany (7 tonna)

Uly göwrümli ýükler üçin Hayloder TREPLE CHAMP300 - 1 sany (15 tonna)

Çarşakly ýük ýükleýji - 1 sany (3 tonna) hyundai

Çarşakly ýük ýükleýji - 1 sany (5 tonna) hyundai

Çarşakly ýük ýükleýji - 1 sany (7 tonna) hyundai


ÝÜK TERMINALYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI: 

“Turkmenistanairlines.tm” saýtynyň hyzmatlar bölüminde täze goşmaçalar girizilip bu bölümde telekeçileriň öz ýüklerini isledik ýerden online arza doldurmak arkaly resileşdirmeklik mümkinçilikleri bardyr we ýük üçin berilen awiakompaniýanyň şahsy belgilerini ýükleri yzarlamak atly bölümçesinde görkezilip ýükleriň häzirki wagtda haýsy ýagdaýdadygyny yzarlap bilerler.

Mundan başgada, Aşgabat halkara howa menziliniň 2-nji gatynda ýük ugratmalar nokady ýerleşýär.Müşderileri bu ýerde özleriniň kiçi göwrümli, 5 kilogramdan agyr boladyk adaty ýükerini ugradyp bilerler. 

Ýük terminaly tiz zaýalanýan harytlar, gymmat bahaly, lukmançylyk, radioaktiw ammarlar bilen üpjün edilendir. Ýokary hilli tehnologiýalar bilen awtomatlaşdyrylan, ýükleri dolandyrmak we saklamak ulgamy halkara kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär. Howa gatnawynyň dünýä tranzit we özboluşly ýük bazaryna has giň gatnaşygy göz öňünde tutup, ýük operasiýalarynyň ösüşi üçin uly mümkinçiligi bar. Türkmen ykdysadyýetiniň innowasiýalara esaslanýan ösüşe geçmegi, esasan, ýük daşamak boýunça hyzmatlara bolan islegiň artmagyna hem uly goşant goşýar.

Milli liderimiziň raýat awiasiýasynyň ösmegine, howa ýollary arkaly ýük daşamak işleriniň kämilleşmegine uly üns bermegi netijesinde Aşgabat halkara howa menzili ýurdumyzyň ulag–üstaşyr gatnaw infrastrukturasynyň möhüm bölegine öwrüldi.


RA3 SERTIFIKATYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI 

1. Öňdebaryjy awiakompaniýalaryň sebitleýin üstaşyr ýüklerini dürli ýurtlara ugratmak boýunça Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminalyny HUB höküminde ulanmak

2. Aşgabat halkara howa menziliniň RA3 sertifikatynyň üsti bilen gerekli bolan awiakompaniýalara Ýewropa bileleşigine ýük daşamakda ACC3 statusyny almak


RA3 sertifikaty: TM/RA3/00001-01
Döwlet: Germaniýa
3-nji ýurt: Türkmenistan

Möhlet: 02/09/2024
Salgy: Aşgabat halkara howa menzili

Poçta-ýük daşamagy hyzmaty boýunça gullugyň başlygy
  • +993 12 23-45-92
  • (Iş wagty - 9.00-dan 18.00-a çenli UTC +5.00)
  • cargo@ashgabatairport.gov.tm
Poçta-ýük daşamagy hyzmaty boýunça gullugyň smena başlygy
  • +993 12 23-33-98
  • (Iş wagty – gije-gündiz)
Poçta-ýük daşamagy hyzmaty boýunça gullugyň maglumatlar boýunça işgäri
  • +993 12 23-47-50
  • (Iş wagty - 8.00-dan 20.00-ä çenli UTC +5.00)