Aşgabat Halkara howa menzili geografiki taýdan amatly ýerleşýär we onuň köp ugurlara gatnaýan ulgamy bar, şonuň üçin hem köp sanly ýolagçylary gatnatmaga we köp mukdardaky ýükleri daşamaga hyzmat edýär.
12R -30L uçuş-gonuş zolaklary 2015-nji ýylda ulanmaga berildi, oňa sementbeton örtügi düşelen, uzynlygy 3800 metr, giňligi 60 metr. Gonmagyň magnit kurslary 115 we 295. Kurslaryň ikisiniň hem IWPP ICAO-nyň II kategoriýaly howa gämileriniň gonmagyny üpjün edýär. Radiotehniki we yşyk-habar beriş enjamlarynyň, UWD serişdeleriniň, zolaklaryň abzallaşdyrylyşynyň mümkinçilikleri çylşyrymly howa şertlerinde-de howa gämileriniň ygtybarly gondurylmagyny üpjün edýär.
12L -30R uçuş-gonuş zolaklary 2017-nji ýylda ulanmaga berildi, oňa sementbeton örtügi düşelen, uzynlygy 3800 metr, giňligi 45 metr. Gonmagyň magnit kurslary 115 we 295. Kurslaryň ikisiniň hem IWPP ICAO-nyň II kategoriýaly howa gämileriniň gonmagyny üpjün edýär. Radiotehniki we yşyk-habar beriş enjamlarynyň, UWD serişdeleriniň, zolaklaryň abzallaşdyrylyşynyň mümkinçilikleri çylşyrymly howa şertlerinde-de howa gämileriniň ygtybarly gondurylmagyny üpjün edýär.