Goşlary geçirmegiň düzgünleri

Hökmany suratda öz awiakompaniýaňyzyň ýanyňyza almaga rugsat berýän goşlarynyň ölçeglerini anyklaň. Adatça, biznes-klasyň ýolagçylary tölegsiz  ortaça 40 kg., ekonom-klasyň ýolagçylary bolsa — 20 kg. ölçegdäki ýüki öz ýanlary bilen alyp bilýärler. Biznes-klasda däp bolşuna görä el goşlary 10–15 kg.- dan, ekonom klasda bolsa — 8 kg.-dan geçmeli däldir.
Möçberden artyk goşlar — bular agramy ýa-da mukdary siziň klasyňyz üçin awiakompaniýa tarapyndan mugt bellenen möçberden artyk  goşlar hasaplanýar.
Möçberden ýokary geçýän goşlar üçin (bir ýerlik goşuň göwrümi 50х50х100 sm-den artyk bolanda) awiakompaniýa goşmaça töleg alýar. Olaryň  terezide agramy  çekilensoň we resmileşdirilensoň howa menziliň işgäri zerur maglumatlary görkezip, sizi töleg kassasynyň ýa-da awiakompaniýanyň wekiliniň ýanyna ugradar. Artyk  goşlaryň tölegi gatnawy amala aşyrýan kompaniýa tarapyndan kesgitlenýär. Töleg howa menziliniň kassasynda ýa-da awiakompaniýanyň ofisinde tölenýär, siz tölegli goşuň kwitansiýasyny alyp, ony hasaba alýan işgäre görkezmelisiňiz we ol size uçara münmek üçin talon berer.
Awiakompaniýanyň ofisinde rugsat berilýän möçberden artyk el goşlaryny alyp gitmegiň şertlerini öňünden soramagy unutmaň!

Goşlaryňyzyň zaýalanandygyny gören badyňyza ýa-da onuň ýetmeýän böleklerini bilen pursatyňyzda Aşgabat Halkara howa menziliniň el goşlary berilýän zalyndan daşyna çykman, howa menziliň birinji gatynda, ýolagçylaryň uçup gelýän zalyndaky  «Ýitirilen ýa-da zaýalanan goşlar» diýlip ýazylan ýerde oturýan işgärine ýüz tutmagyňyz hökmandyr.  
Howa menziliň  işgäri degişli tertipde ykrarnama düzer we size şundan soňky etmeli işleriňizi düşündirer. 
Eger-de siz ykrarnama düzmän goşlary berilýän zalyndan çykyp gitseňiz, onda ykrarnama düzmek hakyndaky meseläni  diňe ýük daşaýjy awiakompaniýanyň wekili çözüp biler.

Goşlar berlenden soňra öz goşlaryňyzyň ýokdugyna, ýitendigine göz ýetiren badyňyza  olaryň berilýän zalyndan daşyna çykman, howa menziliň birinji gatynda, Aşgabat Halkara howa menziliniň ýolagçylarynyň uçup gelýän zalyndaky «Ýitirilen ýa-da zaýalanan goşlar» diýlip ýazylan ýerde oturýan işgärine bu bolan hadysa hakynda  şikaýat ediň. 
Goşlary gözleýän bölümiň işgäri ýörite resminamany doldurar. Gözlegiň netijesi barada size habar ýetiriler.
Zerurlyk ýüze çykanda, goşlaryň zaýalanandygy ýa-da ş.m. barada ykrarnama düzmäge mümkinçilik bolar ýaly awiakompaniýalaryň  köpüsi öz wagtynda gelmedik goşlary ýolagçynyň ýaşaýan salgysyna gowşurmagy amala aşyrmaýar. Goşlary gözleýän işgär siziň bilen habarlaşar we olaryň gowşuryljak senesini hem-de wagtyny mälim eder. 
Ýitirilen ýa-da alynmadyk goşlaryň tapylmagy ýa-da gowşurylmagy barada Aşgabat Halkara howa menziliniň işgärleri bilen şu aşakdaky telefon boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

+ 993 12 23-20-35.

Ýolagçy goş hökmünde howa gämisindäki emläge zeper ýetirip biljek, aşakda görkezilen zatlary almaly däldir:

1. Ot açyan we sowuk ýaraglaryň görnüşleri.
2. Partlaýjy maddalar we olar bilen bagly bolan zatlar, partlayjy serişdeler.
3. Gysylan we yakyjy gazlar.
4. Aňsat ot alýan suwuklyklar.
5. Ot alýan gaty jisimler.
6. Awuly we zäherleyji jisimler.
7. Iýiji we poslaýjy jisimler.
8. Şeyle hem ýolagçylaryň we ekipažlaryň janyna howp araýan başga jisimler we zatlar.
Howply jisimler we zatlar Poçta we ýük gatnawy guraýan gullugynda yük ýaly resmileşdirilýär.
Gadagan howply zatlaryň we jisimleriň doly sanawy "Türkmenistanyň howa gämisinde howply ýükleri daşamagyň tertipnamasynda" ýerleşdirilýär. Şu görkezilen maglumatlary Siz howa menziliniň sorag-jogap nokadyndan we Awiasiya howpsuzlyk gullugyndan doly alyp bilersiňiz.

International Ashgabat Airport

 «Ýitirilen we zaýalanan goşlaryň» hyzmatlary hakynda: + 993 12 23-20-35 belgli telefon boýunça has anyk maglumatlary alyp bilersiňiz,

şeýle-de Aşgabat Halkara howa menziliniň soraglara jogap berýän şu aşakdaky telefonlaryndan maglumat soraň:

+ 993 12 23-38-45, 23-38-47,  92-06-13,  92-06-14.