Business Lounge

Aşgabat  Halkara howa menzili biznes-klasyň ýolagçylarynyň dykgatyna eksklýuziw  hyzmaty - Business Lounge hödürleýär.

Business Lounge — içi gelşikli zal, bu ýerde biziň myhmansöýerligimizi duýmak we öz howa gatnawyňa münmek üçin oňaýly garaşmak, umumy garaşma zolagynyň goh-galmagalyndan we hysyrdysyndan gaça durup, rahatlykdan lezzet almak mümkinçiligi berilýär.

Ýagdaýdan lezzet alyp, işgärleriň aladasy bilen daş-töweregi gurşap alnan howa menzilimiziň biznes-toparyndaky ýolagçylary iň ýokary amatlyk bilen iň az wagtyň içinde ähli uçuşdan öň resmiliklerinden geçýärler.

Biznes-klasyň ýolagçylarynyň hyzmatyna şular hödürlenilýär:

• terminalyň binasynda aýratyn bellige alyş diregi;
• “fast track” hyzmaty (tizleşdirilen düzgünde we nobatsyz howa gatnawyna bellige alyş, gümrük hem pasport barlagy);
• ýany bilen barmaklyk we rahat garaşma zalynda ýerleşmeklik, bu ýerde ýolagçylara dürli içgiler (sowuk içgiler, çaý, kofe) hödürleniler;
• “şwed stoly” ulgamy boýunça naharlanma, täze ir-iýmişler, desert;
• täze metbugat neşirleri, mugt Wi-Fi, sanly telewideniýe;
• konferens-hyzmatlary: telefon aragatnaşygy, faks, printer, kseroks, skaner;
• dynç  alyş otagy (ýumşak we oňaýly diwanlar hem telewizor);

• enäniň we çaganyň otagy;
• namaz otaglary;
• duş almak mümkinçilik otaglary;
• bilýard otagy;
• münmek üçin çykýançaň ýany bilen barmaklyk;
• ähli ýüze çykýan meseleler boýunça Business Lounge wekilleriniň ýardamy (howa gatnawlarynyň uçup gitmegi barada öz wagtynda maglumatlaryň berilmegi, lukman işgäriniň çagyrylmagy we başgalar).