Tranzit zolagyndaky «Laçyn» myhmanhanasy

Dynç almaga boş wagtlary bolan ekipažlar hem-de  ýolagçylar üçin Aşgabat Halkara howa menziliniň tranzit zolagynda ýerleşýän «Laçyn»  myhmanhanasy uçarlaryň işgärleri we ýolagçylar üçin ýörite myhman jaýynyň hyzmatlaryny  hödürleýär.

Biziň myhmansöýer hem-de hoşniýetli toparymyz Siziň we Siziň myhmanlaryňyz bilen boljak duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýar we ara uzak menzilleriň düşmegine garamazdan olaryň özlerini edil öýlerinde ýaly arkaýyn duýmaklary üçin  öz zähmetlerini gaýgyrmazlar.