Myhmanhana

"Laçyn" myhmanhanasy

Häzirki zaman döwrebap «Laçyn» myhmanhanasy 2009-njy ýylyň awgustynda myhmanlara öz gapysyny açdy we daşyndan türkmenleriň aw guşy – laçynyň howada gaýyp barşyny ýatladýar. Şonuň üçin hem bu myhmanhananyň ady «Laçyndyr». Myhmanhana örän amatly ýerde ýerleşýär – bu ýerden howa menziline hem-de şäheriň merkezine çenli göni bäş minutda barmak mümkindir. Biziň myhmanhanamyz bir wagtda 200 sany myhmany kabul edýär.

Myhmanhananyň birinji gatynda restoran bolup, ol myhmanlara ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryny hödürleýär. Adaty iş günlerinde sagat 6-dan 10-a çenli,  dynç alyş hem-de baýramçylyk günleri 7-den 11-e çenli myhmanlara «Аmerikan ertirligi», nygmatly Şwed stoly garaşýar.

Biz myhmanlary we  müşderileri  tä, sagat 23-e çenli naharlanmaga çagyrýarys, halkara we türkmen tagamlarynyň dürli görnüşlerinden ybarat «a-la-carteni» hyzmatlaryny hödürleýäris.
Biziň myhmanhanamyzda 10 günden köp bolýanlara onuň baş aşpezi tarapyndan uly bolmadyk sowgat gowşurylýar.

Öňünden gürleşilen wagtlarda hyzmatdaşlarymyzyň hem-de hemişelik myhmanlarymyzyň günortanlyk we agşamlyk naharlaryny edinmeklerine mümkinçilik döredýäris.
Myhmanlara öz otagynda gije-gündizläp hyzmat edilýär we Kafe-Bar gije-gündiziň dowamynda myhmanlara dürli-dürli şerbetli içgileri, ýeňil nazy-nygmatlaryň ençeme  görnüşlerini we ş.m. hödürleýär.          

Myhmanhananyň birinji gatyndaky täjirçilik-merkezi ähli zerur enjamlar: kompýuterler, printerler (gara, reňkli), skanerler we beýleki tehniki serişdeler bilen üpjün edilen. Myhmanlaryň islegi  boýunça uly bolmadyk tanyşdyryş çärelerini, maslahatlary we okuw derslerini geçirmek üçin «Laçyn» myhmanhanasynyň 40 adamlyk Maslahatlar zaly bar. Bu ýerde siz proýektorlardan, tagtalardan, baýdaklar oturdylýan gutujyklardan we markerlerden peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle-de simsiz Internet gije-gündiz myhmanlaryň hyzmatynda.

24 sagat öňünden sargyt boýunça howa menziline  barmak we gelmek ýeňil ulaglaryň,  şeýle hem 2 gün öňünden sargyt etmek bilen Aşgabadayň Halkara howa menziliniň CIP zalynyň  hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

«Laçyn»  myhmanhanasynyň saglygy dikeldiş Merkezi ýokary derejedäki massažçy hünärmenleriň hyzmatyny teklip edýär.

  • Myhmanhanada ýaşamagyň tölegi ýeke-täk hasaplaýyş wagty boýunça ýerli wagt bilen 12:00-den başlanýar;
  •  Myhmanhanalarda  müşderileriň kabul edilişi we hasaba alynyşynyň ýeke-täk wagty– 12:00;
  • Myhmanhanadan çykmagyň wagty  – 12:00;
  •  Myhmanlaryň gijä galyp gelýän halatlarynda töleg şeýle tertipde geçirilýär;

           - hasaplaşyk wagtyndan (12:00-18:00) – 6 sagatdan köp gijä galynmasa, onda, otagyň kategoriýasynyň bahasynyň ýarysy möçberde tölenýär;

           - hasaplaşyk wagtyndan (18:00-12:00) - 6 sagatdan köp gijä galynsa onda, indiki gije-gündiziň bahasynyň doly möçberinde tölenmelidir;

  •  Bir gije-gündizden uzak ýaşalmadyk halatynda  myhmanlaryň çykyp gidýän wagtyna seretmezden olaryň hasaba alynýan ýeke-täk wagtyndan (12:00) otagyň kategoriýasy boýunça gije-gündiziň  töleginiň möçberi alynýar.