UGAHE gullugy

Uçuşlaryň  gözleg awariýa-halas ediş gullugy (UGAHEG)

Uçuşlaryň  gözleg awariýa-halas ediş gullugy aerodromda hem-de Aşgabat Halkara howa menziliniň jogapkärçiliginiň çäginde gözleg we  heläkçilikden halas etmek işlerini  guraýar.
Aerodromda iki sany uçuş-gonuş zolagy (UGZ)  bar we olarda howa gämileriniň (HG) uçuşlarynyň we gonuşlarynyň gije-gündizlik gözegçiligi alnyp barylýar.  Gözegçilik diňleri ähli zerur aragatnaşyk we gözegçilik serişdeleri bilen doly üpjün edilendir. 
Uçuşlaryň  gözleg awariýa-halas ediş gullugy aerodromyň çäginde we  Aşgabat  Halkara howa menziliniň jogapkärçiligine degişli ýerlerde  ähli gözleg we  heläkçilikden halas ediş işlerini üpjün edýär.
 

1-nji AHG-da we 2-nji AHG-da 20-21 adam gije-gündiziň dowamynda, şeýle-de ýangyn söndüriji we halas ediş ulaglary harby-söweşjeňlik tertibinde nobatçylyk çekýärler: 

MAN Ziegler FLF 80/114-14+250Р 4х4 kysymly aerodrom maşynlarynyň – 2-si ot söndüriji hem-de şahsy düzümleri hadysalaryň bolýan ýerlerine eltmek wezipesini ýerine ýetirýär. Ot söndüriji maşynlaryň her birinde  13050 OSD (ot söndüriji düzüm) bolup, olar 11400 litr suwdan, 1400 kg köpürjikden, 250 kg poroşokdan ybarat. OSD (ot söndüriji düzüm) sekuntda 80 litr mukdarda sepilýär, ol 2 sany stasionar lafet pürküji enjam bilen üpjün edilendir.

MAN Ziegler FLF 100/130-18+250Р 8х8 kysymly aerodrom maşynlarynyň – 2-si ot söndüriji hem-de şahsy düzümleri hadysalaryň bolýan ýerlerine eltmek wezipesini ýerine ýetirýär. Şol maşynlaryň her birinde 15050 OSD (ot söndüriji düzüm) bolup olar 13000 litr suwdan , 1800 kg köpürjikden we 250 kg poroşokdan ybaratdyr. OSD sekuntda 100 litr mukdarda sepilýär we ol 2 sany stasionar lafet pürküji enjam bilen üpjün edilendir.  

KAMAZ АА 12-60 8х8  kysymly iki sany  awtomaşyn ot söndüriji hem-de şahsy düzümleri ýangyna garşy awtoulagda  hadysalaryň bolýan ýerlerine eltmek  üçin niýetlenendir.  12000  OSD (ot söndüriji düzüm) bolup,ol 11300 litr suwdan, 700 kg köpürjikden ybaratdyr. Ot söndüriji düzüm sekuntda 60 litr möçberde sepilýär, ol 2 sany stasionar lafet pürküji enjamdan hem-de HG-niň şassisiz gonmagyny üpjün eder ýaly gonuş zolagyny köpürjik bilen örtüji  UPP-dan ybaratdyr.  

КАМАZ АSА-20 6х6 kysymly – 1 sany awariýa-halas ediji awtoulag  şahsy düzümi  hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmäge niýetlenendir. Harby-söweşjeň hasapda iki sany halas ediji durýar. АSА-20-de 5 tonnalyk ýüki ýokary  göteriji  stasionar kran, 20 kWt-lyk elektrogenerator,  awariýa-halas ediş işlerini geçirmek üçin elektrik, gidrawliki hem-de elde ulanylýan gurallar bar.

MAN Ziegler Rescue (halas ediji ) 4х4  kysymly  1 sany awariýa-halas ediji awtoulag  şahsy düzümi  hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmäge niýetlenendir. Harby-söweşjeň hasapda iki sany halas ediji hünärmen durýar. Ziegler Rescue  kysymly awtoulagda awariýa-halas ediş işlerini geçirmek üçin stasionar elektrogenerator, ýeri üýtgedilýän elektrik generatory, gidrawliki, elektrik hem-de elde peýdalanylýan gurallar bar.

 URAL  АS-7.5-40 6х6 kysymly  3 sany ýangyn söndüriji awtosisterna ot söndüriji hem-de şahsy düzümleri hadysalaryň bolýan ýerlerine eltmäge niýetlenilýär. Ot söndüriji maşynda 7950 OSD (ot söndüriji düzüm) bolup, ol 7500 litr suwdan, 450 kg köpürjikden ybaratdyr. Ot sönüriji düzüm sekuntda 40 litr möçberde sepilýär, ol 1 sany stasionar lafet pürküji enjamdan  düzülendir. 

MAN Ziegler Trap – 8000 4х4 – kysymly 1 sany ýöriteleşdirilen halas ediş awtoulagy  ýangyndan halas edijileri Howa gämisiniň içine aralaşmaga hem-de Howa gämisiniň içinden  ýolagçylary daşyna çykarmaga niýetlenendir. Bu ýörite ulagyň iň ýokary galýan beýikligi 8 metrdir. 

MAN VEMA – 323TFL 2х2  kysymly  1 sany tirsekli ýörite ýangyn söndüriji awtogöteriji Aşgabat şäheriniň Halkara terminalynda ýangyn söndürmäge we ýolagçylary halas etmäge niýetlenendir.  Bu awtogöreriijiniň  iş hereketi boýunça galýan iň ýokary beýikligi 32 metrdir.     

Volkswagen Ziegler ABR TSF 2х2 -  kysymly 1 sany çalt hereket edýän awtoulag ýangyndan halas edijileri hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmek, aerodromyň we Howa gämileriniň duralgalarynyň çäginde nobatçylyk çekmek  üçin niýetlenendir. Bu awtoulagda howuzlardan suw sorujy motopompa we ýangyn söndürmek üçin beýleki goşmaça gurallar  bar.