Ýörite tehniki gullugy

“COMBICTHERM TRACU SC 7500 HAT” HG-niň salonynyň kondisionirleme awtomaşyny. Awtoulagda salona sowadylan ýa-da ýyly howanyň zerur mukdaryny bermek üçin HG-niň görnüşini kesgitleýän ulgam bar.
Iň ýokary sowadyş temperaturasy -15 çenli
Iň ýokary gyzdyrma temperaturasy + 45 çenli

MAN şassisiniň esasynda “ELEPHANT MY” HG-ni ýuwmak üçin awtoulag. Awtoulag ähli görnüşli HG-leri ýuwmak üçin niýetlenen. Bagyň umumy sygymy - 5600 l, ýuwujy serişdesi üçin bak  - 250 l.
Okuň iň ýokary götermesi – 12,5 m. Awtoulagda suwy we ýuwujy serişdesini dozalaýjy (garyşdyrma) ulgamy oturdylan.

MULAG TOWING TRACTOR COMET-12 mini-traktor ýeňil HG-leri we dikuçarlary tirkege alyp çekmek üçin niýetlenen.

MULAG TOWING TRACTOR COMET-3 mini-traktor tirkeg güýji 3000 kg bolan bagaž arabajyklaryny we ýük palletlerini daşamak üçin niýetlenen.
Iň ýokary tizligi – 25 km

MULAG CONVEYOR BELT CAR ORBITER 9D bagaž lenta görnüşli konweýer dürli ýükleri HG-lere ýüklemek we HG-lerden düşürmek üçin niýetlenen.
Mehanizmiň iň ýokary götermesi  – 9000 mm
Mehanizmiň iň pes aşak goýbermesi  – 600 mm

Toyota Hallux HG-leriň liderlik etmekligi üçin awtoulag. Awtoulag howa menziliň içindäki aragatnaşyk, ýalpyldyly çyraglar we  FOLLOW ME tablo bilen komplektlenen.

HG-leriň bagaž bölümlerine hyzmat etmek üçin göterme kuzowly, MAN şassisiniň esasynda DOLL Sissor Vehicle awtoulag.

  Beýik potolokly Toyota Hais awtoulagy CIP, VIP ýolagçylaryny daşamak üçin niýetlenen.
Awtoulagyň sygymy 15 adama çenli.

Mersedes-Bens 324 kysymly tiz lukmançylyk kömek awtoulagy.
Awtoulag howa menziliň toplumynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli zerur abzallar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.