Ýer üstünde ýükleri işläp geçirmek

Aşgabat Halkara howa menziliniň ýük terminaly sebitdäki iň uly kargo terminal hasaplanýar we ol bir ýylda 200 000 tonna möçberdäki ýükleri daşamaga niýetlenendir. Terminal gije-gündiz işleýär hem-de ýükleriň ähli görnüşlerini, şol sanda howply ýükleri daşamagyň  tutuş toplumynyň hyzmatlaryny hödürleýär. 

Ýük daşamak boýunça hyzmatlar:

  • Ýükleri (şol sanda ýörite ýükleri) ýerüsti daşamak we ýük HG-niň gatnawlarynda poçta gatnatmak;
  • Howa gämilerinden ýükleri ammara, ammardan Poçta aragatnaşyk bölümine eltmek, ýük-ýolagçy howa gämileriniň uçuşlaryna ýüklemek we düşürmek;
  • Ýükleriň ähli görnüşlerini ammarda ýerleşdirmek, saklamak, müşderiniň ulaglaryna ýüklemek we düşürmek;
  •  Ýüklere degişli resminamalary we maglumatnamalary taýýarlamak;
  • DGR talaplaryna laýyklykda howply ýükleri daşamak boýunça ýolhatlaryny resmileşdirmek (müşderileriň islegine görä goşmaşa hyzmatlar);
  • Ýükleriň daşalaşyny çaltlaşdyrmak (müşderileriň islegine görä goşmaşa hyzmatlar);
  • Ýükleriň daşalyşyna ýolbaşçylyk etmek (müşderileriň islegine görä goşmaşa hyzmatlar).