Awiakompaniýalar üçin

Aşgabat Halkara howa menzili geografiki taýdan amatly ýerleşýär  we onuň köp ugurlara gatnaýan ulgamy bar, şonuň üçin hem köp sanly ýolagçylary gatnatmaga we köp mukdardaky ýükleri daşamaga hyzmat edýär. 

Aşgabat Halkara howa menzili  iki sany uçuş we gonuş zolaklaryndan ybarat. Tehniki häsiýetnamalary boýunça uçuş we gonuş zolagy «4F» kysymly aerodromlara laýykdyr.    

12R -30L uçuş-gonuş zolaklary 2015-nji ýylda ulanmaga berildi, oňa sementbeton örtügi düşelen, uzynlygy 3800 metr, giňligi 60 metr. Gonmagyň magnit kurslary 115 we 295. Kurslaryň ikisiniň hem IWPP ICAO-nyň II kategoriýaly howa gämileriniň gonmagyny üpjün edýär. Radiotehniki we yşyk-habar beriş enjamlarynyň, UWD serişdeleriniň, zolaklaryň abzallaşdyrylyşynyň mümkinçilikleri çylşyrymly howa şertlerinde-de howa gämileriniň ygtybarly gondurylmagyny üpjün edýär.

Bellenen minimumlar boýunça gije-gündiz ulanmaga rugsat berilýär.

12L -30R uçuş-gonuş zolaklary 2017-nji ýylda ulanmaga berildi, oňa sementbeton örtügi düşelen, uzynlygy 3800 metr, giňligi 45 metr. Gonmagyň magnit kurslary 115 we 295. Kurslaryň ikisiniň hem IWPP ICAO-nyň II kategoriýaly howa gämileriniň gonmagyny üpjün edýär. Radiotehniki we yşyk-habar beriş enjamlarynyň, UWD serişdeleriniň, zolaklaryň abzallaşdyrylyşynyň mümkinçilikleri çylşyrymly howa şertlerinde-de howa gämileriniň ygtybarly gondurylmagyny üpjün edýär.

Bellenen minimumlar boýunça gije-gündiz ulanmaga rugsat berilýär.