Kargo terminaly

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň täze hem-de häzirkizaman binasy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda guruldy.  Ýük terminaly ─ iki gatly binadan ybarat bolup, onuň birinji gatynda Önümçilik bölümi, ikinji gatda bolsa Edaranyň ofisi ýerleşýär. 

Önümçilik bölümi  import hem-de eksport zolaklardan düzülýär we saklaýjy ulgam üçin ätiýaçlyk ýeri, daşaýjy hem-de rolgangly platformalary özünde jemleýär.

Ýük terminaly gije-gündiz işleýär, ýükleriň ähli görnüşlerini daşamak, saklamak we taýýarlamak boýunça hyzmatlaryň tutuş toplumyny ýerine ýetirýär. Bu ýerde Aşgabadyň üstünden Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň howa menzillerine geçip gidýän ýükleriň gümrüknamalary resmileşdirilýär we beýleki howa menzillerine ugradylýar.

Habarlaşmak üçin Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň salgylary:
744008, Тürkmenistan, Aşgabat şäheri
Aşgabat Halkara howa menzili, Ýük terminaly.

Poçta-ýük daşamagy guraýan gullugyň smena başlygy
  • +993 12 23-33-98
  • (Iş wagty – gije-gündiz)
Poçta-ýük daşamagy guraýan gullugyň başlygy
  • +993 12 23-45-92
  • (Iş wagty - 8.00-dan 20.00-a çenli UTC +5.00)
Poçta-ýük daşamagy guraýan gullugyň maglumatlar boýunça işgäri
  • +993 12 23-47-50
  • (Iş wagty - 8.00-dan 20.00-ä çenli UTC +5.00)