Howa menziliň taryhy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy Germaniýadan satyn alnan “Ýunkers” ÝU-13 dört orunlyk ýolagçy uçarlaryny we Sowet soýuzynda öndürilen K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir.
1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar alty orunlyk K-5 we on iki orunlyk ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar. Aşgabat şäherinde ilkinji howa menzili 1932-nji ýylda gurulýar we 1934-nji ýylyň ahyrynda onda iki awiabölümçe açylýar: olaryň biri Po-2 uçarlary (oba hojalygynda ulanmak üçin) toplumlaşdyrylýar, beýlekisi bolsa, TB-3 (ýükleri daşamak) uçarlardan ybarat bolýar.

 Husasan-da, dört orunlyk TB-3 uçarlary Garagum çölüne uçupdyrlar we işgärlere azyk önümlerini, suwy, enjamlary eltmek bilen we kom kükürdini çykarmak bilen Derwezäniň kükürt känlerine hyzmat edipdirler. Ilkinji gezek Türkmenistanda ulanylan T-2 uçary bir uçuşda bäş tonna çenli ýüki daşapdyr. Ýük daşamalaryň möçberi boýunça bu uçarlaryň bölümçesi 1938-nji ýylda SSSR-iň hem-de bütin dünýäniň raýat awiasiýalarynyň bölümçileriniň arasynda birinji ýeri eýeleýärler.

1935-nji ýylda Darganata, Kükürt zawody, Derweze, Leninsk, Köneürgenç, Daşhowuz ýaly ilatly nokatlary özara baglanyşdyrýan täze Aşgabat – Daşhowuz howa ýoly açylýar.

1935-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda howa ýollarynyň uzynlygy 2 müň kilometrden hem köp bolan Raýat howa flotunyň müdirligi guraldy. Şol wagtda Daşhowuzda we Krasnowodskda respublikanyň iň alysdaky etraplaryna we şäherçelerine uçuşlary amala aşyrýan Po-2 ýeňil uçarlary döreýär.

1944-nji ýylda Türkmenistanyň awiaparkynyň üsti ilkinji Li-2 uçarlary bilen ýetirilýär, olarda Bakunyň, Astrahanyň we Wolgogradyň üsti bilen Aşgabatdan Moskwa ýolagçylary we poçtalary gatnadypdyrlar. 1946-njy ýyldan SSSR-iň we Türkmenistanyň (şol wagt SSSR-iň düzümine girýän respublika hökmünde) howa ýollarynda täze Il-12, Il-14, An-2, Ýak-12 sowet uçarlary ulanylyp başlaýar. 1956-njy ýylyň sentýabrynda ilkinji yzygiderli gatnawlary reaktiw raýat awiasiýasynyň ilkinjisi – Tu-114, Il-18, An-24 uçarlary peýda bolýar. Kuwwaty uçarlar Türkmenistany howa ýollary bilen SSSR-iň iri administratiw we medeni merkezleri, soýuz respublikalarynyň paýtagtlary, şypahana we beýleki şäherler bilen baglaşdyrmaga mümkinçilik berdi. 50-nji ýyllaryň başlaryndan respublikanyň halk hojalygynda dikuçarlar giňden peýdalanyp başlanýar. Awiasiýa oba hojalygynda baglar we üzümçilikler işlenende, gowaçalaryň defolýasiýasynda ulanylýar. 60-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýolagçylary uzak aralyklara gatnamakda möhüm ähmiýete eýe bolýär, uçar parkynyň ýolagçy sygymlylygynyň we ýük göterijiliginiň artanlygy sebäpli, awiaulagyň täjirçilik tizligi üzül-kesil ýokarlanýar. Ulagyň köpçülekleýin görnüşi bolmak bilen, raýat howa floty daşamalaryň ýokary ösüş depginini üpjün edýär.

Eger-de respublikada ýolagçylary demir ýol ulagy bilen gatnamagyň möçberi 1961-nji ýyldan 1981-nji ýyla çenli döwürde, takmynan, 2,1 esse, awtomobil ulagy bilen 3,4 esse artan bolsa, onda howa ulagy bilen 3,6 esse artýar. Eger-de 1981-nji ýylda Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçarlary 1,36 million gektar (1960-njy ýylda 0,2 million gektar bilen deňeşdirilende) oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işlän bolsa, olaryň halk hojalygynyň hajatlaryna hyzmat etmek boýunça uçuşlary 314 müň sagatdan hem köpräk (1960-njy ýylda 36 müň sagat bilen deňeşdirilende) bolýar.

1981-nji ýylda soýuz ähmiýetli howa trassalarynyň umumy uzynlygy 24,1 müň kilometre, respublikan ähmiýetli liniýalaryň umumy uzynlygy bolsa3,35 müň kilometre ýetýär.

Türkmeinstan SSR-niň raýat awiasiýasynyň ygtyýarynda iň täze Tu-154, Ýak-40, Ýak-42, An-24, An-26 uçarlary, häzirki zaman radiotehniki we radiolokasion enjamlar bolupdyr, olar gije-gündiziň islendik wagtynda we amatsyz howa şertlerinde uçarlary kabul etmäge mümkinçilik beripdir. Howa menziliniň radionawigasiýasynyň täze serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde uçuşlaryň ýygylygy we yzygiderligi artýar. Çärjewde, Daşhowuzda, Çelekende, Bekdaşda, Nebitdagda täze howa menzili gurulýar we olaryň durky täzelenýär.