Howa menziliň hyzmatlary

Saglyk hyzmatlary

Saglyk hyzmatlarynyň otagy köpçülikleýin zolakda ýerleşýär.
Ol ilkinji saglyk kömegini bermek üçin ähli zerur enjamlar bilen doly üpjün edilendir.
Ýolagçylaryň özlerini ysgynsyz, bitap duýan ýa-da birsyhly gaýtalanýan ýarawsyzlyklarynyň ýitileşmesi ýüze çykan ýagdaýlarynda
olar lukmanlardan öň berilýän ilkinji kömegi alyp bilerler. Hünärmenler howaýollaryndan peýdalanylanda  saglyga ters gelýän
zatlar barada ýolagçylary habardar ederler.