Howa menziliň hyzmatlary

El goşlaryny gaplamak we daşlamak

El goşlaryny  gaplamak we daşlamak boýunça hyzmatlar hasaba alyş zolagynda ýerine ýetirilýär. El goşlarynyň daşyna ýörite polimer lentalar daňylanda siz öz goşlaryňyza zyýan ýetmeginiň hem-de olar daşalýan, ýüklenýän wagtynda dürli päsgelçilikleriň döremeginiň öňüni alyp bilersiňiz.
Bu hyzmatlar gije-gündiziň dowamynda ýerine ýetirilýär.